Türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, milli mirasy öz köklerini irki döwürlerden alyp gaýdýar. Biziň asylly däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz adamlary birek-birek bilen has ysnyşdyrýar, jebisleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň taryhynyň, däp-dessurlarynyň, milli mirasynyň giňişleýin wagyz edilmegine uly üns berýär. Sebäbi milli däp-dessurlarymyz, milli mirasymyz müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelip, halkymyza mahsus bolan aýratynlyklary özünde jemleýär. Şol gymmatlyklaryň hatarynda durýan türkmen şaý-sepleri çeperçilik taýdan kämilligi, dürli-dürlüligi we mazmuny babatda köpöwüşgünliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň ýasalyşynda, atlandyrylyşynda, ýüzündäki bezeg nagyşlarynda halkyň geçmişi, milli medeni aýratynlyklary, ruhy dünýäsi, döredijilik ukyby öz beýanyny tapypdyr. Asyrlaryň dowamynda milli mirasyny, medeniýetini, sungatyny, şaý-seplerini gözüniň göreji deýin gorap, nesillerimize miras goýan pederlerimiziň durmuş ýoly biziň her birimiz üçin nusga alarlykdyr.
Halkymyzda irki döwürlerde şaý-sepleri dakynmagyň özboluşly medeniýeti döräpdir. Türkmen kümşi bagtly gijäniň şasy, şuglaly Aýy, dirilik suwy hasaplanýar. Kümşe gözüň düşende gözleriň nurlanýar, kalbyňda şatlyk emele gelýär. Pederlerimiz türkmeniň namysy-ary hasaplanýan gelin-gyzlarymyza şeýle gymmatly şaý-sepleri mynasyp görüpdirler. Türkmen gelin-gyzlaryny şaý-sep bilen doly bezeseň, söweş lybasyna giren söweşiji gyz bolýar. Şeýle agyr bezegler zenanlarymyzyň saglygyny hem berkidipdir hem-de bejeripdir. Şu günki lukmanlar kümüş şaý-sepleriň Günüň zyýanly şöhlesinden goraýandygyny tassyklaýarlar. Diýmek, saglyk üçin zyýanly howa magniti kümüş şaý-seplerini dakynan gelin-gyzlarymyzyň saglygyna zeper ýetirip bilmändir. Bu baradaky geçmiş taryhymyzda, danalarymyzdan galan ýazuw çeşmelerinde türkmenleriň şaýlary, esasan, kümüşden ýasandyklary, sebäbi kümşüň saglyga peýdasynyň türkmenlere gadymdan mälim bolandygy bellenilýär. Kümüş köp kesel döredijileri ýok edýär, bedeniň gan aýlanyşygyny sazlamaga kömek edýär diýip belleýärler. Kesel döredijileri ýok edýänligi üçin ene-mamalarymyz çaga çileden çykarylanda suwa duz, bugdaý däneleri bilen birlikde kümüş atyp suwa düşüripdirler. Munuň bolsa çaganyň bedenindäki zyýanly kesel döredijileri ýok edýändigine ynanypdyrlar. Gyzlaryň örüm saçlaryna dakylan kümüş düwmejikleriniň täsin owazlarynyň ynsan beýnisine rahatlandyryjy täsir edýänligi ylymda subut edilen hakykat. Gelinleriň börüklerine dakynýan alyn şaýlary gan basyşyna täsir edipdir. Goşara dakynýan kümüş bilezikleri bolsa, zenanlaryň gan basyşyny kadalaşdyrypdyr.
Kümüşden edilen hakyk, pöwrize gaşlary goýlan şaý-sepler öz owadanlygy, täsirliligi bilen zenanlary has-da gözelleşdirýär. Gyz-gelinler bu gözellikden örän duýgurlyk bilen lezzet alýarlar. Käbä deňelýän enelere, baýdak boýly gelinlere, hüýr-peri gyzlara her nagşyna ençeme zähmet siňdirilip kümüşden ýasalan şeýle gymmat bahaly inçe sungatyny bagyşlamagy türkmeniň zenan sarpasyny beýikde tutýandygyny görkezýär. Dünýäde zenan hüwdüsiniň eşidilip durmagy illeriň amanlygynyň, dünýäniň abatlygynyň nusgasydyr.
Maýa Gurbandurdyýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň maliýe bölüminiň esasy hünärmeni.