Niderlandlarda gurlan iň uly LOFAR radioteleskopy arkaly köp sanly ylmy barlaglar amala aşyrylýar. Toplumyň esasy bölegi Drenthe welaýatynyň Eksloo obasynda ýerleşýär. Ol takmynan 50 stansiýadan we birnäçe müň antennadan ybarat bolup, Ýewropanyň dürli künjeklerinde ýerleşýär. LOFAR radioteleskopy älemiň uzak jümmüşini öwrenmäge niýetlenendir.
-Antennalar bir-birinden näçe uzak aralykda ýerleşdirilse, obýektlere synlamagyň takyklygy şonça-da dürs bolýar. Biz LOFAR arkaly älemi içgin öwrenýäris. Radiooteleskop, älemiň ewolýusiýasynyň tapgyrlaryna aralaşmaga we geçmişe göz aýlamaga mümkinçilik berýär. Biz esasan, Uly partlamadan million ýyl soňky ilkinji 500 million ýyl bilen gyzyklanýarys – diýip, Niderlandlaryň ASTRON radioastronomiýa institutynyň ylmy işgäri Maýke Mewius gürrüň berýär.
LOFAR superteleskopy 13 ýyl ozal gurlupdy. Parabolik teleskoplardan tapawutlylykda, bu kabul ediji müňlerçe antenasy arkaly pes ýygylykly elektromagnit tolkunlara has duýgur bolup, birbada tutuş asmany “synlaýar”. Dürli stansiýalardan alnan maglumatlaryň ählisi taslamanyň baş edarasy ASTRON-da gaýtadan işlenýär.
-Beýleki planetalara seredip bilýäris, ýöne biziň nazarymyz has uzaga gönükdirilendir. Bizi has uzakda ýerleşýän galaktikalar gyzyklandyrýar. Biz älemiň nähili emele gelendigine göz ýetirmäge synanyşýarys – diýip ASTRON-yň programma menejeri Wim Wan Kapellen aýdýar.
LOFAR taslamasyna 10 ýurt gatnaşýar: Niderlandlar, Irlandiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Polşa, Latwiýa, Şwesiýa, Italiýa we Bolgariýa. Taslamanyň çäginde 54 stansiýa ýerleşdirildi we 110 müň töweregi antenna oturdyldy. LOFAR-yň býujeti onlarça million ýewrodan ybarat bolup, esasy bölegi Ýewropa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.
“Neways Electronics” ýokary tehnologiýaly kompaniýalar toparynyň bir bölegi bolup, ägirt uly çäklerde maglumatlary geçirmäge ukyply müňlerçe antennalary gurmagy öz üstüne aldy.
-Biz ASTRON-yň sargydy boýunça çylşyrymly ulgamlary – elektron enjamlary öndürýäris. Ol 6000 bölekden ybarat. Biz bu ugurda toplan tejribämiz bilen elektron tehnologiýalar babatda uly ösüş gazandyk – diýip, “Neways Electronics”-iň dolandyryjy müdiri Mişel Postma aýtdy. LOFAR teleskopy Ýewropanyň sebitleýin ösüş taslamalarynyň arasynda iň ylham berýän gurluşlaryň biridir.