Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşýän ýurdumyz Ýewropa we Aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleriniň öňünde pudagyň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we kenarýaka zolagyndaky, Amyderýanyň kenarlaryndaky, Merkezi Garagumdaky nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler durýar.
«Galkynyş» gaz käni ýokary depginlerde özleşdirilýär, garaşsyz bilermenler toparynyň maglumatlaryna görä, Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde häzirki wagtda onuň gorlary 27 trillion kubmetre deňdir. Bu ýerde ýylda 30 milliard kubmetr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanmaga berildi, şeýle kuwwatlyklara eýe bolan beýleki toplumlar gurulýar, olar gurluşygy dowam etdirilýän TOPH gaz geçirijisini «mawy ýangyç» bilen üpjün eder.
Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär.
Türkmenistanda nebitgaz senagatynyň kuwwatyny has netijeli ulanmak, tebigy baýlyklaryň gorlaryny artdyrmak, uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmakda uly işler alnyp barylýar.
Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagydyr. Ýurdumyzyň mineral-çig mal serişdeler binýady, kuwwatly ýangyç-energetika senagaty we energiýa-ulag üpjünçilik ulgamlary Türkmenistany kuwwatly döwlet hökmünde dünýä tanadýar.
Şoňa görä-de, nebitgaz senagatyny ösdürmek ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugry bolmagynda galýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan iri energetiki taslamalar halkara derejede möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyz tarapyndan gaz geçirijileriň gurluşygynyň amala aşyrylmagy sebitde parahatçylygy berkitmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, müňlerçe iş orunlaryny döretmäge, ýurdumyzda hem-de goňşy we sebitiň döwletlerinde iň häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge şert döredýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi biziň döwlet syýasatymyzyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Ýurdumyzda nebitgaz senagatynyň täze ugry hasaplanýan gazhimiýa pudagyny ösdürmek döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini peýdaly hem-de netijeli ulanmak babatda öňe sürülýän strategiýalaryň biridir.
Züleýha ALLABERDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.