Saud Arabystanynyň Ministrler Kabineti Patyşalyga Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) gepleşik hyzmatdaşy statusyny bermek baradaky memorandumy tassyklady. Bu barada 29-njy martda Saud Arabystanyň metbugat gullugy habar berdi.
Maglumatlara görä, 28-nji martda Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Maslahatyň abrşynda Saud Arabystanynyň hökümeti Patyşalyga ŞHG-niň gepleşikler boýunça hyzmatdaşy diýen statusy bermek baradaky memorandumy tassyklady.
Häzirki wagtda Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan ŞHG-niň agzalarydyr. Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa synçy ýurtlar statusyna eýe, Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka hyzmatdaş ýurtlar statusyna eýe. 2022-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Samarkantda geçirilen sammitde Müsür, Katar we Saud Arabystany bilen gepleşik boýunça hyzmatdaşlyk barada memorandumlara gol çekildi we Bahreýn, Kuweýt, Maldiw adalary, Mýanma we Birleşen Arap Emirliklerine gepleşik boýunça hyzmatdaş statusyny bermek işine başlamak kararyna gelindi.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, Saud Arabystanyň Ministrler kabinetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna goşulmak kararyny tassyklamagy Hytaý bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gapy açýar. Çünki Er-Riýad Pekin bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýär.