30-njy martda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Aşita Mittal Maksatnamanyň halkara utgaşdyryjysy jenap Ýusuf Kurbonow bilen bilelikde türkmen-eýran döwlet serhedindäki «Artyk» gümrük nokadyna tanyşdyryş sapary bilen bardy.
Bu saparyň maksady «Artyk» gümrük nokadynda işleriň gidişi bilen tanyşmak we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek bolup durýar.
Hanym Aşita Mittal Artyk gümrük nokadynda döredilen giň mümkinçiliklere, onuň baý infrastrukturasyna ýokary baha berip, türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän bu gümrük nokadynyň Pars aýlagy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýük daşamalaryň we söwdanyň ösmeginde möhüm orny eýeleýändigini belledi. Bu ýerde häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy, gümrük nokadynyň maddy-tehniki üpjünçiligi bikanun neşe dolanşygynyň öňüni almakda örän ähmiýetlidir.
Soňra, söhbetdeşligiň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da gümrük we serhet gullugynyň wekilleri tarapyndan bilelikde ulanylmagy üçin interaktiw otagy we seljeriş merkezini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.