Şu ýylyň 12-nji aprelinde adamzadyň ilkinji gezek kosmosa çykanyna 62 ýyl dolýar. Bu taryhy waka kosmosy öwrenmekde soňlanmajak ýaryşyň hem başlangyjy boldy. Ilkinji emeli hemra 1957-nji ýylda kosmosa çykaryldy. Emele gelen bäsdeşlik aragatnaşyk ulgamynyň ösmegine, netijede ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna öz täsirini ýetirdi. Diňe aragatnaşyk tehnologiýasy däl, eýsem, häzirki wagtda gündelik durmuşda ulanýan gurallarymyzyň köpüsi, ilki kosmosda ulanmak maksady bilen oýlanyp tapyldy. Geliň, 70 ýyla golaý taryhy bolan kosmosy öwrenmek ýaryşyndaky esasy wakalar bilen tanyş bolalyň!
1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde Sowet Soýuzyndan Ýuriý Gagarini kosmosa çykan ilkinji adam hökmünde adyny taryha ýazdyrdy. Ilkinji kosmonawt 108 minutda Ýeriň daşyndan bir gezek aýlaw edip, yzyna gaýdyp geldi.
Şol ýylyň 6-7-nji awgustynda Sowet Soýuzynyň “Wostok 2” kosmos gämisi bilen German Titow hem kosmosa uçurylyp, bir gije-gündizden köp wagt kosmosda boldy.
Kosmosa ilkinji zenany hem Sowet Soýuzy ugratmagy başardy. 1963-nji ýylyň 16-njy iýunynda Walentina Tereşkowa “Wostok 6” kosmos gämisi bilen kosmosa uçdy. Ol üç güne golaý wagtyň dowamynda planetamyzyň daşyndan 48 gezek aýlanyp, Ýere gaýdyp geldi. Häzire çenli ýeke özi şeýle kosmos missiýasyny amala aşyran Tereşkowadan başga başga zenan ýok. Tereşkowa orbita aýlanýan wagty ýene bir kosmos gämisi Ýeriň daşyndan aýlanýardy. Ýagny 14-nji iýunda Waleriý Bykowskiý atly kosmonawt “Wostok 5” kosmos gämisi bilen kosmosa çykypdy. Ol 19-njy iýuna çenli orbitada bolup, Ýeriň gorizontyny surata almak we grawitasiýasyz şertlerde nohudyň şinelemegini we ösmegini anyklamak üçin käbir ylmy tejribeleri geçirdi.
1965-nji ýylyň 18-19-njy martynda Pawel Belýaýew hem-de Alekseý Leonow “Woshod 2” kosmos gämisi bilen kosmosda boldular. Uçuşyň dowamynda Leonow kosmos giňişliginde gäminiň daşyna çykan ilkinji kosmonawt boldy. Bu ýagdaýa “kosmos ýörişi” diýilýär. 1978-nji ýylyň 10-16 ýanwarynda kosmosa çykan gazagystanly Wladimir Žanibekow we Oleg Makarow kosmosa giden gämisinden (“Soýuz 6 EP-1”) başga bir gämi bilen (Soyuz 26) yzyna dolanyp gelen ilkinji adamlar boldular. Olar “Salýut 6” kosmos bekedinde 5 gün bolýarlar.
Sowet Soýuzy beýleki ýurtlaryň raýatlaryny hem kosmosa iberýär. Ilkinji çehiýaly kosmonawt Wladimir Remek 1978-nji ýylyň 2-10-njy martynda kosmos gämisinde bolýar.
Şol ýyl polşaly Miroslaw Germaşewski hem-de germaniýaly Zigmund Ýen hem Sowet Soýuzynyň maksatnamasynyň çäklerinde kosmosa çykýar. Kubaly Arnaldo Tamaýo Mendes 1980-nji ýylda, mongoliýaly Žugderdemidiýn Gurragça we rumyniýaly Dumitru Prunariu 1981-nji ýylda kosmosa çykdylar. Žan-Lu Kretýen 1982-nji ýylda kosmosda bolup, ilkinji fransuz kosmonawty hökmünde taryha adyna ýazdyrdy.
Swetlana Sawitskaýa 1982-nji ýylyň 19-27-nji awgustynda kosmosa giden ikinji zenan, 1984-nji ýylyň 17-29-njy iýulyndaky missiýasynda kosmos gämisiniň daşyna çykyp, bu ugurda taryha girmegi başardy.
1984-nji ýylda hindistanly Rakeş Şarma 1987-nji ýylda siriýaly Muhammed Faris öz ýurdunyň ilkinji kosmonawtlary boldular.
1988-nji ýylda owganystanly Abdul Ahad Mohmand, 1990-njy ýylda ýaponiýaly Akiýama Toýohiro öz ýurtlarynyň ilkinji kosmonawtlary boldular. 1991-nji ýylyň 26-njy maýynda angliýaly Helen Şarman (zenan) hem-de şol ýylyň 19-njy oktýabrynda awstriýaly Frans Fibýuk kosmosa gitdiler.
Russiýanyň ilkinji kosmos uçuşy 1992-nji ýylda amala aşyryldy
Sowet Soýuzy 1991-nji ýylyň 26-njy dekabrynda resmi ýagdaýda dargady. Şondan soňra Russiýa Federasiýasy kosmos maksatnamasyny dowam etdirdi. 1992-nji ýylyň 17-nji martynda ýurt ilkinji kosmos uçuşyny amala aşyrdy. 1994-nji ýylyň 4-nji oktýabry bilen 1995-nji ýylyň 22-nji marty aralygynda “Mir” kosmos bekedinde bolan Ýelena Kondakowa kosmosda iň uzak wagt bolan (169 gün) zenan hökmünde rekord goýupdy. Emma häzirki wagtda bu rekord NASA-nyň astronawty Kristina Kuka (328 gün) degişlidir.
Norman Tagard 1995-nji ýylyň 14-nji martynda kosmosa rus kosmos gämisi bilen çykan ilkinji amerikan boldy.
1995-nji ýylyň 3-nji sentýabry bilen 1996-njy ýylyň 26-njy fewralynda Russiýanyň “Mir” kosmos bekedinde bolan Tomas Reýter açyk kosmosa çykan ilkinji germaniýaly bolýar. Klodi Enýere 1996-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda kosmosa giden ilkinji fransuz zenan, 1999-njy ýylyň 28-nji fewralynda Iwan Bella kosmosa çykan ilkinji slowak astronawty bolýar. Şeýle hem Enýere “Mir” bekedi ulanyşdan galandan soňra, onuň deregine dürli ýurtlaryň bilelikde guran Halkara Kosmos Bekedine aýak basan ilkinji ýewropaly zenan bolýar.
Günorta Afrika Respublikasyndan Mark Şattlwort 2002-nji ýylyň 25-nji apreli bilen 5-nji maýy aralygynda Halkara kosmos bekedinde bolup, ikinji kosmos syýahatçysy hem-de öz ýurdundan kosmosa çykan ilkinji adam bolýar.
1990-njy ýyllara çenli ABŞ hem-de Sowet Soýuzy içinde hemişe adam bar bolan dürli kosmos beketlerini gurýarlar. Kosmos bekedi taslamalarynyň käbiri şowsuzlyk bilen tamamlanýar. Käbiriniň ömri bary-ýogy birnäçe gün bolýar.
Ilkinji amerikan astronawty
ABŞ-nyň Milli Awiasiýa we Kosmos Agentliginiň (NASA) “Mercury”, “Gemini” we “Apollo” maksatnamalarynyň çäklerinde kosmos giňişligine we Aýa onlarça astronawty iberdi. “Mercury” maksatnamasynyň çäklerinde kosmosa jemi 25 uçuş amala aşyryldy. Olaryň altysy 1961-nji ýyldan 1963-nji ýyllar aralygynda amala aşyryldy. NASA 1961-nji ýylyň 5-nji maýynda “Freedom 7” missiýasy bilen ilkinji astronawty Alan Şepardy kosmosa uçurdy. Kosmosa çykan ilkinji amerikaly bolan Şepard Ýeriň aşaky orbitasynda 15 minut 28 sekuntlap uçdy. Şeýlelikde, Ýuriý Gagarinden bary-ýogy 23 günden soňra amala aşyrylan adamly uçuş kosmosdaky bäsdeşligiň gyzmagyna-da getiripdi.
Jon Glenn “Friendship 7 Mercury” kosmos gämisi bilen 1962-nji ýylyň 20-nji fewralynda Ýeriň orbitasyna çykmagy başaran ilkinji amerikaly astronawt bolupdy.
Wolter Şirra (kiçisi) 1962-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda 9 sagat 13 minut orbitada uçup, şol wagt iň köp kosmosda bolan amerikaly astronawt bolupdy. 1963-nji ýylyň 15-16-njy maýynda bolsa, L. Gordon Kuper bir günden gowrak wagt orbitada boldy.
Josef Wolker 1963-nji ýylyň 19-njy iýulynda kosmos gämisi bilen orbitadan aňry –a çyk kosmosa çykan ilkinji astronawt boldy.
NASA-nyň astronatlary Edwar Waýt hem-de Jeýms MakDiwitt 1965-nji ýylyň 3-7-nji iýunynda “Gemini IV” kosmos gämisi bilen älem giňişligine çykýarlar. Şol uçuşda Waýt gäminiň daşyna – açyk kosmosa çykan ilkinji amerikan bolýar.
Adam Aýa aýak basdy
1969-njy ýylyň 20-nji iýulynda “Apollo 11” kosmos gämisi bilen Nil Armstrong, Edwin Oldrin (Bazz Oldrin ady bilen tanalýar) hem-de Maýkl Kollins Aýa uçuryldy. Armstrong Aýa aýak basan ilkinji adam boldy. Ikinji bolup, Oldrin gämiden düşüp, Ýeriň hemrasyna gadam goýdy.
1983-nji ýylyň 18-24-nji iýunynda Salli Raýd kosmosa giden ilkinji amerikaly zenan astronawt boldy. Şol ýylyň 28-nji noýabry bilen 8-nji dekabry aralygynda germaniýaly Ulf Merbold kosmosda bolup, Ýewropa Kosmos Agentliginiň ilkinji astronawty boldy. Brýus MakKendless 1984-nji ýylyň 3-11-nji fewral aralygynda ygtybarly ýagdaýda, özüni hiç zada baglamazdan kosmos gämisiniň daşyna çykan ilkinji astronawt boldy.
Kanadaly Mark Garno 1984-nji ýylyň 5-13-nji oktýabrynda kosmosda bolup, öz ýurdunyň ilkinji astronawty boldy. Ketrin Sulliwan açyk kosmosa çykan ilkinji amerikaly zenan boldy.
1985-nji ýylyň 12-19-njy aprelinde da ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň senatory Jeýk Garn kosmosa çykan ilkinji syýasatçy boldy.
Meý Jemison 1992-nji ýylyň 12-20-nji sentýabrynda kosmosda bolup, ilkinji afro-amerikaly astronawt boldy.
Rodolfo Neri Wela 1985-nji ýylda kosmosa çykan ilkinji meksikaly boldy. 1986-njy ýanwarynda Bill Nelson kosmosa çykan ilkinji Kongresiň agzasy hökmünde taryha adyny ýazdyrdy.
1994-nji ýylyň 3-11-nji fewraly aralygynda Sergeý Krikalýow amerikan kosmos gämisi (“Discovery”) bilen kosmosa çykan ilkinji rus kosmonawty boldy.
Mukai Tiaki 1994-nji ýylyň 8-23-nji iýulynda kosmosa çykan ilkinji ýapon zenan astronawty boldy. 2003-nji ýylyň 6-njy ýanwary bilen 1-nji fewraly aralygynda ysraýylly Ilan Ramon öz ýurdundan ilkinji bolup kosmosa çykdy.
Kosmosyň syýahatçylara açylmagy
2001-nji ýylyň 28-nji aprelinde amerikaly işewür Dennis Tito “Soyuz TM-32” kosmos gämisi bilen Halkara Kosmos Bekedine çykdy. Ol kosmosda 7 gün 22 sagat 4 minut bolup, Ýeriň daşyndan 128 gezek aýlandy. Ilkinji kosmos syýahatçysy hasaplanýan Tito bu täsin syýahat üçin 20 million dollar töländigini aýdypdy.
2021-nji ýylyň awgustynda ýaponiýaly milliarder Ýusaku Maezawa we onuň kömekçisi Ýozo Hirano Halkara kosmos bekedinde 12 gün boldular.
2010-njy ýyllaryň başlarynda NASA kosmos şattllarynyň (birden köp gezek kosmosa gidip-gelmäge mümkinçilik berýän uçara meňzeş gämi) ulanyş möhletiniň tamamlanmagy bilen hususy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýupdy. Bu hyzmatdaşlyk has arzan bolup, kosmos pudagynda iş alyp barýan hususy kompaniýalaryň sanyny köpeltdi. Ilkinji nobatda, “SpaceX” kompaniýasy kosmosa ýük we astronawt gatnatmak üçin raketalary we kosmos gämilerini işläp taýýarlady. Kompaniýa eýýäm birnäçe kosmos syýahatçysyny Halkara kosmos bekedine äkidip-getirdi. Şeýle maksatnamany “Boeing” kompaniýasy hem işläp taýýarlaýar.
Bulardan başga-da, Ýerden 100 kilometr belentlikde, atmosferanyň gutarýan, kosmosyň başlanýan ýerine çenli gysga wagtlyk syýahaty ýola goýýan kompaniýalar hem peýda boldy.
2021-nji ýylyň oktýabrynda rus režissýory Klim Şipenko hem-de aktrisa Ýuliýa Peresild kosmosdaky ilkinji filmi surata düşürmek üçin Halkara kosmos bekedine gitdiler.
NASA bolsa “Artemis” maksatnamasynyň çäklerinde Aýa gaýtadan adamaly uçuşlary ýola goýup, Ýeriň hemrasynda hemişelik bekedi gurmagy maksat edinýär. Eýýäm, bu maksatnama degişli dürli maksatnamalar durmuşa geçirildi we Aýyň daşyndan aýlanyp gaýtjak astronawtlar saýlanyp alyndy. Aýda guruljak bekediň Marsa uçuşlary amala aşyrmakda peýdalanylmagy maksat edinilýär.
Mundan başga-da Ýeriň orbitasynda aýlanjak has uly myhmanhananyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Şondan soňra kosmosa çykmak has köp adam üçin elýeterli bolar.
Häzirki wagtda Ýeriň orbitasynda Halkara Kosmos Bekedi bilen bir hatarda Hytaýyň kosmos bekedi hem aýlanýar.
Taýkonawt – hytaýly kosmonawt
Ýokarda bellenip geçirilişi ýaly köp ýurduň wekiller rus ýa-da amerikan kosmos maksatnamasynyň çäklerinde älem giňişligine çykan bolsalar-da, olaryň arasynda hiç hili hytaýly ýok. Soňky ýyllarda kosmos pudagyna aýratyn üns berýän bu ýurtda ilkinji kosmonawt 2003-nji ýylda kosmosa çykdy. Ýeriň atmosferasynyň daşyna çykanlara Ýewropada we Amerikada astronawt, Russiýanyň (şol sanda ozalky Sowet Soýuzynyň) maksatnamasyna gatnaşanlara kosmonawt diýilýän bolsa, hytaýlylar taýkonawt diýýär. Hytaýyň ilkinji taýkonawty Ýan Liweý “Shenzhou 5” kosmosa gämisi bilen 2003-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda kosmosa çykýar.
2005-nji ýylyň 12-16-njy oktýabrynda “Shenzhou 6” kosmos gämisi bilen Feý Szýunlun we Ne Haýşen kosmosa iki bolup giden ilkinji hytaýlylar hökmünde hasaba alyndy.
“Shenzhou 7” maksatnamasynyň çäklerinde 2008-nji ýylyň 25-28-nji sentýabrynda kosmosda bolan Çžaý Çžigan ilkinji “kosmos ýörişini” amala aşyran hytaýly bolýar.
Lýu Ýan 2012-nji ýylyň 16-20-nji iýunynda kosmosda bolup, ilkinji zenan taýkonawt bolýar.
2021-nji ýylyň 17-nji iýuny bilen 17-nji sentýabry aralygynda Ne Haýşen, Lýu Bomin we Tan Hunbo Hytaýyň “Tiangong” kosmos bekediniň ilkinji ekipažy bolýarlar.
Häzirki wagtda Ýeriň orbitasynda Halkara Kosmos Bekedi bilen bir hatarda Hytaýyň kosmos bekedi hem aýlanýar.