Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu bilim ojagynyň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda, şeýle hem bu korporasiýanyň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklarynda iş maslahaty geçirildi.
Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasyny» açmagyň anyk wezipeleri, ussahananyň häzirki zaman tejribehana enjamlary üçin talabalaýyk okuw binasy, geçiriljek okuw-tejribe sapaklarynyň hünär ugurlary, okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary, okuw-tejribe enjamlary bilen üpjünçiligi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär
Şeýle-de «Lu Ban ussahanasyny» döretmek boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek, bu taslamany amala aşyrmak babatda degişli Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak, ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin özara saparlary guramak babatda birnäçe çözgütler kabul edildi.
Uniwersitetde «Lu Ban ussahanasynyň» döredilmegi ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýokary derejeli hünärmenler, bakalawrlar, ýokary hünär derejeli inžener-tehnologlar bilen üpjün edilmegine uly ýardam berer. Şeýle hem bu ýerde nebitgaz pudagyna degişli innowasion tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşmak üçin hünärmenleriň, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak okuwlary guralar.
Şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem saparyň çäginde «Lu Ban ussahanasynyň» taslamasyny bilelikde amala aşyrmagy ilerletmek barada teklip öňe sürülipdi.
«Lu Ban ussahanasy» Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen ýurduň Týanzin bilim edarasynda 2016-njy ýyldan bäri hereket edýän hünär bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk taslamasydyr. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň çäginde «Lu Ban ussahanasynyň» ýöriteleşdirilen okuw merkezleri döredilýär, onda ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar we olara zerur bolan hünär endikleri berilýär. Häzirki wagtda Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 21 ýurdunda şeýle okuw merkezleriniň 30-a golaýy döredilip, üstünlikli hereket edýär.