Günorta Koreýada pandemiýa döwründe köp adam öýünden işlemeli ýa-da okamaly boldy. Bu bolsa, köp adamyň öýde oturmaga öwrenişmegine we köpçülige çykmazlyk endigine sebäp boldy. Ilatyň daşary çykmazlygynyň diňe saglyk däl, sosýal we ykdysady netijeleri hem bolýar. Şol sebäpli bu ýurtda ýaşlaryň köpçülige çykmagyny höweslendirmek üçin aýda 500 dollara golaý sowalga berer.
Ýapon dilinde “hikikomori” atly söz bar. Öýden çykmaýanlar üçin aýdylýan bu söz soňky döwürde has köp eşidilýär. Munda tehnologiýanyň hem täsiri az däl. Bu mesele diňe Ýaponiýada däl, beýleki ýurtlarda hem gabat gelýär.
Maglumata görä, Günorta Koreýada ilatyň 3 göterimi (350 müň adam) özüni ýalňyz hasaplaýar. Ýurduň Gender deňligi we maşgala ministrliginiň işläp taýýarlan täze maksatnamasynda köpçülige çykmaýan 9-24 ýaş aralygyndaky raýatlaryň öýünden çykyp, köpçülige goşulmaklary göz öňünde tutulýar. Maksatnamanyň çäklerinde ýaşlara saglygy goraýyş, iş we okuw ýaly mümkinçilikler hem dörediler. Şeýle hem öýdeçi ýaşlara okuw we sport üçin gerekli esbaplaryň üpjün edilmegi hem göz öňünde tutulýar.
Ýurtdaky meseleleriň biri hem ilat artyşynyň pesligi, has dogrusy ilatyň sanynyň azalýandygy. Ýurtda soňky ýylda çaga dogluşy her aýal başyna 0,78 boldy. Şeýlelikde, Günorta Koreýa çaga dogluşa aýal başyna birden az bolan ýeke-täk ýurt boldy. Ýurtda aýallar dürli sebäplere görä, çaga edinmeýärler.
Ilatyň sanynyň şol bir durkuny saklamagy üçin çaga dogluşy her zenan üçin ortaça ikiden ýokary bolmaly.