Itler hakynda gyzykly maglumatlar

1436

It­le­riň aky­ly iki ýaş­ly ça­ga­nyň aky­ly ýa­ly bol­ýar. Bel­ki-de ki­çi ça­ga­la­ryň it bi­len has go­wy yla­laş­ma­gy ola­ryň iki­si­niň-de şol bir dil­de gep­le­ýän­dik­le­ri üçin­dir.
Bi­ler bol­sa­ňyz, ala reň­ki bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan Dal­ma­tin it­le­ri dog­lan­da bü­tin­leý ak bol­ýar, olar­da­ky me­nek­ler soň peý­da bol­ýar.
Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä it sak­la­mak ada­myň fi­zi­ki we akyl sag­ly­gy üçin peý­da­ly­dyr. Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, ite 15 mi­nut ideg et­mek gan ba­sy­şy 10% pe­sel­dip, stre­se, dep­res­si­ýa we ýal­ňyz­ly­ga gar­şy gö­reş­mä­ge kö­mek edip bi­ler.
Il­ki­baş­da äh­li gü­jük­ler ker bo­lup do­gul­ýar­lar we ulal­dy­gy­ça eşi­diş uky­by ar­typ, adam­la­ra ga­raň­da 4 es­se çen­li ýet­ýär.
It­le­riň bur­nu­nyň yzy edil adam­la­ryň bar­mak yz­la­ryn­da bol­şy ýa­ly ýe­ke-täk­dir we bir-bir­le­ri­niň­kä ga­bat gel­me­ýär.
It­le­riň bu­run­la­ry­nyň ys alyş de­re­je­si adam ta­ra­pyn­dan ýa­sa­lan is­len­dik teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan ýo­ka­ry­dyr. Bir­nä­çe ýyl­lap bar­lag­lar ge­çi­ri­lip ysy eme­li usul­da ýü­ze çy­kar­ma­ga nä­çe ma­ýa go­ýum goý­lan hem bol­sa, en­tek it­le­riň yzyn­dan ýe­tip bil­me­di. Hä­zir­ki wag­ta çen­li dö­re­di­len ys du­ýu­jy sen­sor­lar ysyň di­ňe ýa­ry­sy­ny, ýag­ny 50%-ni du­ýup bil­ýär­ler, it­ler bol­sa 80% duý­ýar­lar.
1912-nji ýyl­da “Ti­ta­ni­giň” su­wa çü­men­de üç it ha­las bol­dy. Ola­ryň üçü­si hem 1-nji synp ka­bi­na­la­ryn­dan eken.
Awst­ri­ýa­ly it Blueý iň köp ýa­şan it hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di. Ol 1910–1939-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da, ýag­ny 29 ýyl 5 aý ýa­şap­dyr.
Ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­lar it­le­riň bu­run­la­ry­nyň nä­me üçin so­wuk­dy­gy­nyň se­bä­bi­ni anyk­la­dy. Bu ýag­daý öň­den bä­ri be­de­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy­ny saz­la­mak üçin ni­ýet­le­nen diý­lip çak­la­nyl­sa-da, al­nan ne­ti­je­ler onuň it­le­riň bu­run­la­ry­nyň aşa duý­gur ýy­ly­lyk de­tek­to­ry bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar.

Aý­sol­tan Aşy­ro­wa, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň talyby, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky ta­lyp ha­ky­nyň eýe­si.