Itleriň akyly iki ýaşly çaganyň akyly ýaly bolýar. Belki-de kiçi çagalaryň it bilen has gowy ylalaşmagy olaryň ikisiniň-de şol bir dilde gepleýändikleri üçindir.
Biler bolsaňyz, ala reňki bilen meşhurlyk gazanan Dalmatin itleri doglanda bütinleý ak bolýar, olardaky menekler soň peýda bolýar.
Geçirilen barlaglara görä it saklamak adamyň fiziki we akyl saglygy üçin peýdalydyr. Barlaglaryň netijelerine görä, ite 15 minut ideg etmek gan basyşy 10% peseldip, strese, depressiýa we ýalňyzlyga garşy göreşmäge kömek edip biler.
Ilkibaşda ähli güjükler ker bolup dogulýarlar we ulaldygyça eşidiş ukyby artyp, adamlara garaňda 4 esse çenli ýetýär.
Itleriň burnunyň yzy edil adamlaryň barmak yzlarynda bolşy ýaly ýeke-täkdir we bir-birleriniňkä gabat gelmeýär.
Itleriň burunlarynyň ys alyş derejesi adam tarapyndan ýasalan islendik tehnologiýalardan ýokarydyr. Birnäçe ýyllap barlaglar geçirilip ysy emeli usulda ýüze çykarmaga näçe maýa goýum goýlan hem bolsa, entek itleriň yzyndan ýetip bilmedi. Häzirki wagta çenli döredilen ys duýujy sensorlar ysyň diňe ýarysyny, ýagny 50%-ni duýup bilýärler, itler bolsa 80% duýýarlar.
1912-nji ýylda “Titanigiň” suwa çümende üç it halas boldy. Olaryň üçüsi hem 1-nji synp kabinalaryndan eken.
Awstriýaly it Blueý iň köp ýaşan it hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol 1910–1939-njy ýyllar aralygynda, ýagny 29 ýyl 5 aý ýaşapdyr.
Geçirilen ylmy barlaglar itleriň burunlarynyň näme üçin sowukdygynyň sebäbini anyklady. Bu ýagdaý öňden bäri bedeniň temperaturasyny sazlamak üçin niýetlenen diýlip çaklanylsa-da, alnan netijeler onuň itleriň burunlarynyň aşa duýgur ýylylyk detektory bolup hyzmat edýändigi bilen baglanyşdyrýarlar.
Aýsoltan Aşyrowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, S.A.Nyýazow adyndaky talyp hakynyň eýesi.
PDF









