To­mus pas­ly­nyň go­laý­la­ma­gy bi­len ho­wa gy­zyp, öri meý­dan­la­ryň ot­la­ry gu­rap, ýan­gyn ha­dy­sa­la­ry­nyň ýü­ze çyk­mak äh­ti­mal­ly­gy ýo­kar­lan­ýar. Ýan­gyn öri meý­dan­lar­da­ky ot­lar­dan baş­ga-da dä­ne­li ekin­le­re, agaç­la­ra, sa­zak­dyr çer­kez­le­re zy­ýan ýe­tir­ýär. Şol se­bäp­li, öri meý­dan­lar­da ýan­gyn ha­dy­sa­sy­nyň dö­re­me­gi­niň öňü­ni al­mak, ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek äh­li il­deş­le­ri­mi­ziň hem bor­jy bo­lup dur­ýar. Meý­dan­lar­da ot ýak­ma­ly bo­lan­da, bi­per­waý­ly­ga ýol ber­me­li däl. Ot ýa­kyl­jak ýe­riň on bäş metr daş-tö­we­re­gi gu­ran ot-çöp­ler­den aras­sa­lan­ma­ly, oduň daş-tö­we­re­ge ýaý­ra­maz­ly­gy­na göz ýe­ti­ri­len­den soň, ho­wa­nyň şe­mal­syz wag­tyn­da ody ýak­ma­ga rug­sat be­ril­ýär. So­ňun­dan ody gum sü­rüp ýa-da suw se­pip, do­ly sön­dür­me­li. Sü­rü­ji­ler ulag­la­ry­ny gu­ran ot-çöp­le­riň üs­tün­den sü­ren­le­rin­de, ula­gyň tüs­se­çy­kar­la­ryn­dan uç­gun­la­ryň çyk­ma­gy ne­ti­je­sin­de gu­ran ot­la­ra uç­gu­nyň düş­me­gi­niň we ýan­gyn ha­dy­sa­sy­nyň dö­re­me­gi­niň müm­kin­di­gi­ni ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Şol se­bäp­li meý­da­na gid­ýän aw­tou­lag­la­ry yg­ty­bar­ly ot sön­dü­ri­ji, ke­çe, pil, ody urup sön­dür­mek üçin gu­ral bi­len üp­jün et­me­li. Öri meý­dan­la­ry­nyň, de­mir ýol­la­ry­nyň ýa­ka­la­ryn­da ekin meý­dan­la­ry ýa-da üzüm agaç­la­ry bar bo­lan daý­han bir­le­şik­le­ri, şo­la­ryň daş-tö­we­re­gin­de ini on metr­den az bol­ma­dyk sü­rüm iş­le­ri­ni ge­çir­me­li. De­mir ýol­la­ryň, ga­ra ýol­la­ryň ýa­ka­la­ryn­da­ky ýer­ler­de dört metr in­li­lik­de ýan­gy­na gar­şy ara­çäk­ler sü­rül­me­li. De­mir, ga­ra ýol­la­ryň gy­ra­la­ryn­da ça­py­lyp aý­ry­lan ot­la­ry otuz metr daş­lyk­da üý­şür­mä­ge rug­sat be­ril­ýär. Öri meý­dan­la­ryn­da dür­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýan geo­lo­gi­ýa-göz­leg eks­pe­di­si­ýa­la­ry­nyň wagt­la­ýyn ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň otuz metr daş-tö­we­re­gi­ni gu­ran ot-çöp­ler­den aras­sa­la­ma­ly. Eýe­çi­li­gi­niň gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan ýur­du­myz­da­ky äh­li eda­ra­lar öri meý­dan­lar­da, dag­lar­da, to­kaý­lar­da is­len­dik iş­le­ri ge­çi­ren­le­rin­de ýan­gy­na gar­şy düz­gün­le­ri do­ly ber­jaý et­mä­ge borç­lu­dyr.