28-nji maýda Türkiýede geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Prezident Rejep Taýýip Erdogan sesleriň 52 göterimden gowragyna eýe bolup, ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda halk ony geljek bäş ýyl üçin Prezident saýlady.
Saýlaw toparynyň başlygy Ahmet Ýener tarapyndan yglan edilen Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, sesleriň 99,43% sanalandan soň, Erdogan 52,14 göterim sese eýe boldy. Onuň bäsdeşi, Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdaroglu 47,86 göterim sese eýe boldy. Merkezi saýlaw topary resmi netijeleri 1-nji iýunda mälim etmegi meýilleşdirýär.
14-nji maýda geçirilen prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda R. T. Erdogan 49,52 göterim sese, K. Kylyçdaroglu bolsa, 44,88 göterim sese eýe bolupdy. Şonda olaryň hiç biri-de ýeňijini kesgitlemek üçin zerur bolan sesleriň 50 göteriminden gowragyny alyp bilmedi, şonuň üçin ikinji gezek ses berişlik geçirilipdi.
Saýlawlaryň ikinji tapgyryna gatnaşan saýlawçylaryň sany 85%-den gowrak bolup, iki hepde öň geçirilen birinji tapgyrdakydan birneme az boldy.
2014-nji ýylda ilkinji gezek saýlanan, 2018-nji ýylda iň ýokary wezipä gaýtadan saýlanan Erdogan üçünji prezidentlik döwüne başlaýar. Ondan öň diňe Türkiýäniň ilkinji üç Prezidenti yzly-yzyna üç möhlet bilen häkimiýet başynda boldy: Respublikany esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk (1923-1938, dört möhlet), onuň mirasdüşeri Ismet Inönü (1938-1950, dört möhlet) we Mahmud Jelal Baýar (1950-1960, üç möhlet).
Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, iň ýokary derejeli ýolbaşçynyň wezipe möhleti iki gezekden köp bolup bilmeýär. Ýurtda 2017-nji ýylda sala salşyk geçirilip, ýurduň dolandyryş görnüşi parlament respublikasyndan prezident respublikasyna geçirilipdi. Bu karar 2018-nji ýylda geçirilen nobatdan daşgary Prezident saýlawlaryndan soňra güýje giripdi.