Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan kons­ti­tu­si­on-ka­nun­çy­lyk öz­gert­me­le­ri hu­kuk taý­dan üp­jün et­mä­ge we pug­ta­lan­dyr­ma­ga, şol san­da me­de­ni-sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň hu­kuk esas­la­ry­ny umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na we ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, hal­ka­ra de­re­je­de döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga hem-de onuň me­de­ni-sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge, dün­ýä­niň döw­let­le­ri bi­len me­de­ni-sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Mil­li me­de­ni-sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­me­giň ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de sy­ýa­hat­çy­lyk işi­niň hu­kuk, yk­dy­sa­dy, dur­muş we gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny kes­git­le­ýän, 11 bap­dan we 50 mad­da­dan yba­rat bo­lan «Sy­ýa­hat­çy­lyk ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň ka­bul edi­lip, ol res­mi taý­dan çap edi­len gü­nün­den he­re­ke­te gi­ri­zil­di.

Bu ady ag­za­lan Ka­nu­nyň esa­sy mak­sa­dy yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýo­ka­ry gir­de­ji­li pu­da­gy hök­mün­de sy­ýa­hat­çy­ly­gyň eme­le gel­me­gi we sy­ýa­hat­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň ba­za­ry­nyň ös­me­gi, ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi, al­tyn pu­luň gel­me­gi­niň art­ma­gy, sy­ýa­hat­çy­la­ryň we sy­ýa­hat­çy­lyk işi­niň sub­ýekt­le­ri­niň hu­kuk­la­ry­nyň we ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy üçin hu­kuk esas­la­ry­ny dö­ret­mek bo­lup dur­ýar. Bu Ka­nun sy­ýa­hat­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýu­ri­dik we fi­zi­ki şahs­la­ra, şeý­le hem şol hyz­mat­la­ry al­ýan şahs­la­ra de­giş­li­dir.
Mun­dan baş­ga-da, me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň do­wa­myn­da türk­men hal­ky­nyň mil­li mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak ba­bat­da­ky gat­na­şyk­la­ry düz­gün­leş­dir­ýän, Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň mil­li mad­dy däl me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri­ne bo­lan el­ýe­ter­li­lik hu­ku­gy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne we her bir ada­myň mil­li mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy aýaw­ly sak­la­mak ha­kyn­da ala­da et­mä­ge bo­lan bor­ju­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len, 7 bap­dan we 40 mad­da­dan yba­rat bo­lan «Mil­li mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di. Şeý­le-de, «Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri­ni go­ra­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edi­lip, bu Ka­nun 11 bap­dan yba­rat bo­lup, 59 mad­da­ny öz içi­ne al­ýar. Ady ag­za­lan Ka­nun mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak, aýap sak­la­mak, peý­da­lan­mak, ýaý­rat­mak we döw­let go­ra­gy çyg­ryn­da­ky gat­na­şyk­la­ry düz­gün­leş­dir­ýär, türk­men hal­ky­nyň öz me­de­ni-mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny aýap sak­la­mak we ös­dür­mek, ýa­şaý­şy­nyň ta­ry­hy-me­de­ni gur­şa­wy­ny go­ra­mak, di­kelt­mek we aýap sak­la­mak hu­ku­gy­ny, Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de me­de­ni­ýe­tiň dö­re­me­gi we ös­me­gi ha­kyn­da mag­lu­mat çeş­me­le­ri­niň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan, hä­zir­ki dö­wür­de üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li kons­ti­tu­si­on-ka­nun­çy­lyk öz­gert­me­le­ri ýur­du­my­zy sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy taý­dan düýp­li ös­dür­mek­de, hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek­de, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de me­de­ni-sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny has-da ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iri möç­ber­li mak­sat­na­ma­lar döw­le­ti­mi­ziň dost-do­gan­lyk, yn­san­per­wer­lik, hoş­ni­ýet­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni dün­ýä­de has-da giň­den da­ba­ra­lan­dyr­ýar.
Ýur­du­my­zyň me­de­ni-sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­na hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ga­za­nan­la­ry, baý tej­ri­be­si, döw­re­bap we kä­mil ugur­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar.
Döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk dü­zü­mi­ni dö­ret­mek­de, ýur­du­my­zyň çä­gin­de sy­ýa­hat­çy­lyk işi­niň hu­kuk, yk­dy­sa­dy we dur­muş esas­la­ry­ny kes­git­le­mek­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga uly orun de­giş­li­dir.
Ga­dy­my türk­men top­ra­gyn­da müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len mil­li däp-des­sur­lar, me­de­ni gym­mat­lyk­lar, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler hal­ky­my­zyň mil­li mi­ra­sy­nyň gen­ji-ha­zy­na­la­ry­dyr. Türk­men te­bi­ga­ty­nyň baý ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si, ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­le­ri ýur­du­my­za gel­ýän sy­ýa­hat­çy­lar­da aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär.
Bir­nä­çe des­ga­la­ry bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­ly­gy bo­ýun­ça Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da orun alan Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty Aş­ga­bat şä­he­ri, Ha­zar deň­zi­niň sa­pa­ly ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy, ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len Ga­dy­my Merw, Nu­saý, Kö­ne­ür­genç ýa­ly ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler, ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len «Gö­rog­ly» des­san­çy­lyk sun­ga­ty, «Küşt­dep­di» aý­dym we tans des­su­ry, türk­men mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty, du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty, türk­men mil­li keş­de­çi­lik sun­ga­ty, şeý­le hem Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň gö­zel­lik­le­ri, Köý­ten­da­gyň tä­sin­lik­le­ri da­şa­ry ýurt­lar­dan gel­ýän sy­ýa­hat­çy­lar üçin aja­ýyp tä­sin­lik­ler­dir.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de «Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri­ni aýap sak­la­ma­gyň, go­ra­ma­gyň, öw­ren­me­giň hem-de ola­ra sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­me­giň 2022-2028-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny» üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak­da, baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­zy giň­den wa­gyz et­mek­de we ýur­du­my­zyň me­de­ni-sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Baý­ram GURT­MY­RA­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň Mag­lu­mat, sel­je­riş we hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry bö­lü­mi­niň hu­kuk mas­la­hat­çy­sy.