“Bundesligadan” “Premier Liga” transfer boldy

167

“Borussiýa Dortmundyň” asly siriýaly futbolçysy Mahmud Dahud mundan soň karýerasyny “Premier Ligada” dowam etdirer. Esasy ýyldyzy Aleksis Mak Allisteri “Liwerpula” ugradan “Braýton topary 27 ýaşyndaky germaniýaly futbolçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Nemes kluby bilen şertnamasy tamamlanan oýunçy üçin iňlis kluby transfer tölegini etmez. Dortmundlylaryň düzüminde 6 möwsümde 141 gezek meýdança çykan Dahud 5 gol geçirdi. Ol futbola “Borussiýa Mönhengladbah” toparynda başlapdy. Dahud Germaniýanyň ýygyndysynda-da 2 duşuşyk geçirdi.