24-nji iýunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda TÜRKSOÝ guramasynyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Gurama her ýylda suratkeşleriň döredijilik duşuşyklary, surat sergilerini, edebiýat ýygnanyşyklaryny, opera, teatr, saz, tans festiwallaryny we beýleki forumlary guraýan, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda özara tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
Mundan başga-da, TÜRKSOÝ köpsanly halkara taslamalary durmuşa geçirip, türki halklarynyň medeniýetiniň ösdürilmegine ýardam edýär.
TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 24 – 29-njy iýun aralygynda ýurdumyzda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçiriler. Bu günlerde agza döwletleriň döredijilik, folklor we tans toparlarynyň, sazandalarynyň, opera aýdymçylarynyň bilelikdäki konsertini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hepdeligiň çäklerinde fotosurat we çagalar sungat eserleriniň sergisiniň açylyşy göz öňünde tutulýar.
26-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Maslahata Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, Azerbaýjan, Türkiýe, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Gyrgyzystan, Hindistan, Özbegistan, Yrak, Alžir, Eýran, Rumyniýa, Belarus Respublikasy, Gruziýa, Türkmenistan hem-de beýleki ýurtlardan şahyryň döredijiligine sarpa goýýan adamlar, medeniýet we ylmy işgärler, ýazyjylar hem-de žurnalistler gatnaşarlar.
Ýurdumyza gelen myhmanlar üçin paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň gözel ýerleri bilen tanyşdyrýan medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde dabara gatnaşyjylar paýtagtymyzyň döwlet muzeýinde bolup türkmen halkynyň däp-dessurlaryna, ýurdumyzyň taryhy ösüşine we häzirki döwürde ýeten derejesine bagyşlanan milli gymmatlyklar bilen tanşarlar.
Mundan başga-da, türki döwletleriň döredijilik wekilleri ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çärelerine gatnaşarlar.
Şeýlelikde, uly möçberli çäreler TÜRKSOÝ guramasynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, baý türki medeniýetiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berer.