Italiýanyň «Atalanta» topary düzümine 2 futbolçy bilen güýçlendirdi. «Milandyr» Interden soň Lombardi regionynyň 3-nji kluby hasaplanýan «Atalanta» topary bosniýa we gersegowinaly çep gyraky goragçy Sead Kolaşinasy transfer etdi. Soňky 2 möwsümi Fransiýanyň «Marsel» toparynda çykyş eden Kolaşinasн erkin agent ýagdaýynda transfer eden «Atalanta» oýunçy bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Kolaşinas, «Arsenal», «Şalke» klublarynda-da oýnapdy.

«Atalanta» topary Germaniýanyň «Baýer» toparyndan goragçy Mitçel Bakkeri hem 10+1 million ýewro transfer etdi. 23 ýaşyndaky niderland futbolçysy italýan kluby bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol geçen möwsümde nemes toparynda 40 oýunda meýdança çykdy.