2023-nji ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Türkmenistandan Azerbaýjana daşalan konteýnerleriň umumy sany 2362 TEU boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,9 esse köpdür. Bu döwürde daşalan konteýnerleriň 41%-i üstaşyr konteýnerleridir. Bu barada «Deňiz söwda floty» resmi saýtynda habar berilýär.
Häzirki wagtda «Balkan» fider gämisi Türkmenbaşy portundan Alýat porty (Azerbaýjan Respublikasy) we Alýat portundan Türkmenbaşy porty aralygynda konteýner daşamagy dowam etdirýär.
Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 31,4% ýokarlanyp 1150,50 müň tonna ýetdi. Umuman aýdylanda degişli döwürde ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 132,2% ýerine ýetirildi.
Ýanwar–iýun aýlarynda ýük dolanşygy 476,838 mln/tn/km boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28,7% ýokarydyr. Şeýlelikde, bu döwürde ýük dolanyşyk meýilnamasy 230,8% ýerine ýetirildi.
Ýolagçy dolanşygy bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 100,8% ýokarlanyp, 3,713 mln/ýolag/km bolup, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 234,0% boldy.