To­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de bel­le­nil­ýän iň go­wy baý­ram­çy­lyk­la­ryň bi­ri hem Bü­tin­dün­ýä tort gü­nü­dir. Me­ge­rem, bu süý­ji iý­mi­ti ha­la­ma­ýan ýok bol­sa ge­rek. Esa­san hem, kör­pe­je­le­riň go­wy gör­ýän süý­jü­lik­le­ri­niň bi­ri bo­lan tort dog­lan gün­le­riň, baý­ram­çy­lyk­la­ryň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. 20-nji iýul­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de bel­le­nip ge­çi­len Bü­tin­dün­ýä tort gü­ni ba­ra­da nä­me­ler bil­ýä­ris?! Ge­liň, tort bi­len bag­la­ny­şyk­ly gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Gys­ga­ça ta­ry­hy

l­kin­ji tor­tuň ha­çan peý­da bo­lan­dy­gy bel­li däl. Bu süý­jü­li­giň ta­ry­hy­nyň 2 müň ýyl­dan gow­rak­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Üs­tü­ne ow­ra­dy­lan dä­ne se­pi­len çö­rek­le­riň su­rat­la­ry Gre­si­ýa­nyň we Gün­do­ga­ryň kä­bir ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ryn­da sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Ga­dymy dö­wür­ler­de bal bi­len hoz ga­ry­lan çö­rek­li süý­jü­lik meş­hur bo­lup, tor­tuň il­kin­ji nus­ga­sy ha­sap­lan­ýar. «Tort» sözi ital­ýança «tortal» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, «tegelek çörek» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Wag­tyň geç­me­gi bilen bu süý­ji iý­mit dür­li ýurt­la­ra ýaý­rap, «tort», «cake» at­la­ry bi­len ta­na­lyp baş­la­ýar. Bel­li bir dö­wür­ler­de tort söý­gi­niň, dost­lu­gyň, ag­zy­bir­li­giň ny­şa­ny hök­mün­de peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ýag­ny tort kes­mek yla­la­şy­gyň, şow­lu­ly­gyň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny gör­ke­zip­dir.
2009-njy ýyl­da «Süý­ji düýş» ady bi­len ge­çi­ri­len aş­pez­lik sun­ga­ty­nyň şü­we­le­ňin­de süý­jü­lik tort­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri hem köp­çü­li­ge hö­dür­len­ýär. Gy­zyk­lan­ma­la­ryň art­ma­gy bi­len 2011-nji ýyl­da tort gü­ni eý­ýäm bir­nä­çe ýurtda bel­le­nip, Hal­ka­ra dost­luk tor­ty dö­re­dil­ýär. Şon­dan soň tu­tuş dün­ýä­de meş­hur bo­lan bu baý­ram­çy­lyk her ýyl «Men si­ze tort bi­len gel­ýä­rin» diýen şy­ga­r bi­len ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Bü­tin­dün­ýä tort gü­nün­de dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da taý­ýar­la­nan kon­di­ter önüm­le­ri­niň tä­ze gör­nüş­le­ri hö­dür­len­ýär.

Gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar – hä­zir­ki wag­ta çen­li ha­sa­ba al­nan re­kord­lar

Ga­dymy dö­wür­ler­de tort hä­zir­ki bil­şi­miz ýa­ly süý­ji iý­mit bol­man­dyr.
Il­ki­baş­da tort iki bö­lek te­ge­lek çö­re­giň ara­sy­na bal­dyr mü­rep­be goý­lup taý­ýar­la­nyp­dyr.
Fran­suz­lar­da il­ki­baş­da tort di­ýip et­li gu­ta­ba aý­dylyp­dyr.
Dog­lan gün üçin il­kin­ji tort 1975-nji ýyl­da bi­şi­ril­ýär.
Iň gym­mat sim­wo­lik tort To­kio al­maz ser­gi­sin­de ýa­sal­ýar. Ol ýal­pyl­da­wuk şaý-sep­ler bi­len be­ze­lip, 230 tö­we­re­gi göw­her ula­nyl­ýar.
Iň uzyn tort Pe­ru­da taý­ýar­lan­ýar. Uzyn­ly­gy 246 metr­den gow­rak bolan tort üçin 500 ki­log­ram şe­ker sarp edil­ýär.
Iň ki­çi tort şweý­sa­ri­ýa­ly kon­di­ter­çi ta­ra­pyn­dan ýa­sa­lyp, bar­ma­gyň ujun­da sak­lap bol­ýar.
Iň agyr tort ABŞ-da taý­ýar­la­nyp, agramy 50 ton­na­dan gow­rak­dyr.
Iň be­ýik tort hem ABŞ-da ýa­sal­ýar. 10 gat­dan yba­rat tor­tuň be­ýik­li­gi 30 met­re ba­ra­bar.