Türkiýäniň çempiony “Galatasaraý” transferden doýanok. Stambul şäheriniň kluby birbada 2 oýunçyny düzümine goşdy. Topar “Premier Liganyň” wekili “Kristal Palas” toparynyň kot-d’iwuarly wingeri Wilfred Zahany erkin agent ýagdaýynda transfer etdi. 30 ýaşyndaky oýunçy 3 ýyllyk ylalaşyga gol çekip, täze klubundan ýylda 4,35 million ýewro, şol sanda şertnama baglaşany üçinem 2,33 million ýewro alar. 2010-njy ýylda “Kristal Palasda” futbola başlan Zaha londonlylaryň düzüminde 13 möwsümde 458 oýunda 90 gol geçirdi.

Türk kluby geçen möwsOliüm “Olimpiakos” toparynda çykyş eden kongoly (DR Kongo) hüjümçi Sedrik Bakambuny hem transfer etdi. Aslynda 32 ýaşyndaky hüjümçi iýun aýynyň ahyrynda BAE-niň “Al-Nasr” toparyna transfer bolupdy. Ýöne 1 aýdan soň “Galatasaraý” Bakambuny 700 müň ýewro transfer etdi. Bakambu “Galatasaraý” bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bakambu “Olimpiakosdan” öň “Marsel”, “Beižing Guaon”, “Wilýarreal”, “Bursaspor”, “Soşo” klublarynda oýnapdy.

 

“Galatasaraý” kluby geçen möwsüm kärendesine çykyş eden ýyldyz hüjümçisi Mauro Ikardi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Şol sanda ozal 2 möwsüm çykyş eden Halil Derwüşogluny hem “Brentford” toparyndan transfer etdi.