6-njy sent­ýabr­da Türk­me­nis­tan­da güýz­lük bug­daý eki­şi­ne gi­ri­şil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ak pa­ta ber­me­gi bi­len, bu mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da bir­ba­da ba­dal­ga al­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň 31-nji aw­gust­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de bel­leý­şi ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de daý­han­la­ry­my­zyň yh­las­ly zäh­met çe­kip, top­rak­dan bol ha­syl al­ma­gy üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bug­daý eki­şi­ni ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de, gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­giň uly äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.
Hal­ky­my­zyň asyl­ly dä­bi­ne gö­rä, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar Be­ýik Bi­ri­bar­dan ak bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny di­leg edip, eki­şe ba­dal­ga ber­di­ler. Olar göw­ne­jaý taý­ýar­la­ny­lan top­ra­ga «Her bir dä­näň müň bol­sun!» di­ýen söz­ler bi­len bug­da­ýyň il­kin­ji to­hum­la­ry­ny se­pip, soň­ra no­ba­ty me­ha­ni­za­tor­la­ra ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, eke­ran­çy­la­ry­myz gel­jek ýy­lyň bug­daý ha­sy­ly üçin ni­ýet­le­nen oba ho­ja­lyk meý­dan­la­ry­ny öz wag­tyn­da sü­rüp we gurp­lan­dy­ryp, jo­gap­kär­li möw­sü­me aý­ra­tyn yh­las bi­len gi­riş­di­ler. Eki­şe azyk­lyk bug­da­ýyň ýo­ka­ry ha­syl­ly gör­nüş­le­ri­niň to­hum­la­ry taý­ýar­la­nyl­dy. Gal­la­çy daý­han­lar ze­rur oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry bi­len üp­jün edil­di.
Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şol sy­ýa­sat döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Oba ho­ja­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­ler mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu mö­hüm pu­da­gy­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga, azyk howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge we ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ne­ti­je­li çä­re­ler bu ul­gam­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri in­no­wa­si­on esas­da çö­zül­ýär, şol san­da sa­tyn alyn­ýan iň tä­ze ky­sym­ly teh­ni­ka­lar, Türk­me­nis­ta­nyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da hem ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­ler ga­za­nyl­ýar. Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len do­ly üp­jün edil­ýär. Iri ma­ýa go­ýum­la­ryň ne­ti­je­sin­de, äh­li we­la­ýat­lar­da bug­daý ha­sy­ly­nyň ta­la­ba­la­ýyk sak­la­nyl­ma­gy üçin döw­re­bap ele­wa­tor­lar, de­gir­men top­lum­la­ry he­re­ket ed­ýär.
Güýz­lük bug­daý eki­şi­niň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň «Ha­lal zäh­met uç­gu­ny» daý­han ho­ja­ly­gyn­da, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­ra­by­nyň «Ar­kaç», Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Bol­dum­saz et­ra­by­nyň «Türk­me­nis­tan», Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew et­ra­by­nyň «Wa­tan», Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry et­ra­by­nyň «Zarp­çy» daý­han bir­le­şik­le­rin­de we­la­ýat we et­rap hä­kim­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, ag­ro­nom­la­ryň, me­ha­ni­za­tor­la­ryň, gal­la­çy kä­ren­de­çi­le­riň, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da tej­ri­be mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. Mas­la­hat­lar­da ekiş möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, ak eki­ne ideg et­mek­de ag­ro­teh­ni­ka­nyň usul­la­ry­ny we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni ulan­ma­ga de­giş­li me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Şeý­le hem ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň kär­ha­na­la­ry­nyň ön­dür­ýän önüm­le­ri­niň, döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň ser­gi­si gu­ral­dy. Ekiş möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li, aý­dym-saz we folk­lor to­par­la­ry kon­sert mak­sat­na­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­dy­lar.
Şu ýyl Ahal we­la­ýa­ty bo­ýun­ça 195 müň gek­tar, Bal­kan we­la­ýa­ty bo­ýun­ça 50 müň gek­tar, Da­şo­guz we­la­ýa­ty bo­ýun­ça 145 müň gek­tar, Le­bap we­la­ýa­ty bo­ýun­ça 130 müň gek­tar, Ma­ry we­la­ýa­ty bo­ýun­ça 170 müň gek­tar meý­dan­da ekiş ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Möw­süm­de ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da bug­da­ýyň, esa­san, «Alek­se­iç», «Be­zos­ta­ýa — 100» «Bat­ko», «Ga­raş­syz­lyk», «Säh­ra­ýy», «Bag­ty­ýar­lyk», «Ber­ka­rar», «Ber­ka­rar­lyk», «Ka­lym», «Bag­rat», «Ýu­ka» ýa­ly gör­nüş­le­ri­niň ekil­jek­di­gi bel­lär­lik­li­dir.