Mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 32 ýyllygynyň uly zähmet üstünliklerine hem-de toý-dabaralara beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şöhratly täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri kalplara nur çaýyp, ykballary arşa göterýär.
Biz Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk senesini uly üstünlikler bilen garşylaýarys. Bu ýyllar ýurduň belentliklere galýan, halkyň öz asyl gymmatlyklaryna eýe çykýan döwri boldy. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy halkymyzyň jebisligini, jemgyýetimiziň asudalygynyň we ýurdumyzyň berkararlygynyň iň ygtybarly serişdesi bolmak bilen, täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Bu taryh Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany daşary ýurtlar bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine aýdyňlygy bilen tanatdy. Bu döwürde halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, her bir raýatyň halal zähmetiniň hözirini görmegini üpjün etjek ýol-ýörelgelerden ugur alyndy. Garaşsyzlyk ýyllarynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň syýasy hem ykdysady, ruhy binýatlary kemala geldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu günlerinde ildeşlerimiz ýene-de döwletli işlere badalga boljak Halk Maslahatynyň mejlisiniň bosagasynda dur.
Döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boljak bu çäräni guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň geriminden hem görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu mejlisi agzybir türkmen halkyna beýik başlangyçlary bagyşlar.
Ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde ata Watanymyz tanalmaz derejede özgerdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornuny berkitmek ugrundaky taýsyz tagallalary özüniň ajaýyp miwelerini berdi. Bu tutumly işler hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti düýpli ösüşlere eýe bolýar. Munuň şeýledigine şanly ýylyň geçen döwründe gazanylan maliýe-ykdysady görkezijiler hem aýdyň subutnamadyr.
Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňky geçen ýyllaryň içinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanan, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň täze belentliklere göterilen eýýamy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilen we geçirilýän toplumlaýyn iri taslamalar ýurdumyzy ykdysady taýdan özgertmegiň we ösdürmegiň ýolunda uly ädimleriň ädilýändiginden habar berýär. Bu gün milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ykdysadyýetimiziň ösüş depginini has-da tizleşdirmäge, dünýäde giňden ýaýraýan sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, şeýlelikde, eziz Diýarymyzyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Arkadagly Serdarymyz ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagyna, daşky gurşawyň goralyp saklanylmagyna, oba hojalygyna döwrebap tehnologiýalaryň, öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagyna, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, oba ýerlerinde döwrebap durmuş düzüminiň döredilmegine hemişe uly üns berýär. Berkarar döwletimizde azyk bolçulygy obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň baş maksady bolup durýar.
Eziz Diýarymyzyň senagat-önümçilik, ylym-bilim, medeni-durmuş, saglygy goraýyş, sport we ýaşaýyş maksatly toplumlarynyň üsti ýylyň-ýylyna iň täze tehnologiýalar, sanly gurluşlar bilen enjamlaşdyrylan iri möçberli taslamalar arkaly ýetirilýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän, ösen döwrüň talaplaryny ödeýän obalar, şäherçedir şäherler gurlup, ulanylmaga tabşyrylýar. Şu ýylyň 29-njy iýunynda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylandygy hem-de ikinji tapgyrynyň gurluşyk işlerine ýokary depginde girişilendigi Garaşsyzlygyň täze taryhy eýýamynyň aýdyň görkezijisidir.
Ýazberdi TÜÝLIÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň barlaghana bölüminiň müdiri.