Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär we pugtalandyrylýar. Ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli her täze okuw ýylynyň ilkinji gününde täze hem döwrebap bilim ojaklarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, täze 2023–2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 13 sany çagalar bagynyň, 19 sany orta mekdebiň we okuw-terbiýeçilik toplumynyň, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyş dabaralary boldy.
Täze okuw ýylynda bagtyýar çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» kompýuterleriň sowgat berilmegi bilim ulgamynda ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Munuň ykrarnamasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko tarapyndan Aşgabat şäherindäki Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýanyndaky daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen
30-njy orta mekdebiň, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň müdirlerine degişli şahadatnamalaryň gowşurylmagy möhüm ähmiýetli waka boldy.
Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, höwes edýän hünärlerini ele almaklary, ylmy-intellektual, medeni, sport we döredijilik taýdan kämilleşmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesle häzirki zaman ülňülerine gabat gelýän umumy orta we ýokary bilimiň berilmegi, sanly bilim ulgamynyň hem innowasion tehnologiýalaryň ösdürilmegi, daşary ýurt dilleriniň okadylyş usullarynyň kämilleşdirilmegi, tebigy we takyk ugurlara degişli dersleriň çuňlaşdyrylyp okadylmagy babatynda ýerine ýetirilýän işler öz oňyn netijelerini berýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş maksadydyr.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýokary hünär bilimi ulgamynyň geriminiň barha giňeýän günlerinde paýtagtymyzyň gözel künjeginiň görküni artdyrjak 5 müň orunlyk bu ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň gurluşygy «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barlar hem-de 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de, 2023–2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk döwrebap binalar toplumynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüniň tutulmagy baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar.
Täze 2023–2024-nji okuw ýylyny dabaraly nyzamlar bilen garşylan bilim edaralarynda geçirilen ilkinji sapaklarda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp üstünlikleri baradaky söhbetler ýaş nesillerimiziň kalbyny buýsanja besledi.
Amantäç AGALIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.