Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenildi. Güýz paslynyň ilkinji gününde Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze – 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirildi. Hususan-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim ulgamyna degişli binalardyr desgalaryň onlarçasy açylyp ulanmaga berildi, ençemesiniň düýbi tutuldy.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýokary hünär bilimi ulgamynyň geriminiň barha giňeýän günlerinde paýtagtymyzyň görküni artdyrjak 5 müň orunlyk bu ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy sapak geçmegi türkmen ýaşlarynyň buýsançly başyny has-da belende göterip, toý şatlygyny goşalandyran waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň taryhy we ýaş nesliň borçlary baradaky umumy sapakda: «Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir. Ýaşlarymyz taryhy ösüşiň, döwlet syýasatynyň häzirki zaman meýillerini we möhüm ugurlaryny, binýat goýujy taglymlaryny özleşdirmelidirler» diýip bellemegi ýaşlara bildirilýän beýik ynamyň dabaralanmasy boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sapagynda eden çykyşyndaky pikirdir maslahatlary, ündewleri ýurdumyzy ýakyn geljekde has-da belent sepgitlere ýetirmekde öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlaryny kesgitläp, öňe gitmekde biziň baş ýol-ýörelgämize, durmuş mekdebimize öwrüler. Olary işjeň durmuşa geçirmekde alym Arkadagymyzyň atalyk kitaplary, şol sanda «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby bilim ulgamynyň işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmadyr. Olarda ýaşlara berilýän bilimiň hem-de terbiýäniň hilini gowulandyrmak, terbiýe babatda halkymyzyň asylly ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunynyň, hiliniň iň öňdebaryjy halkara talaplara laýyk gelmegini gazanmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň gymmatly tabşyryklaryny hem-de görkezmelerini durmuşa geçirmek baş maksadymyz bolmalydyr.
Bilim we ýaşlar meseleleri hakyndaky döwlet we halkara derejede alnyp barylýan işler, öňe sürülýän oňyn başlangyçlar biz ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegimizi nazarlaýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk esasyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň işlenip taýýarlanylandygyny hem-de rejelenen görnüşde kabul edilendigini bellemek gerek.
Hajarbibi AŞYROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.