Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň aýna ýaly ýollary döwrebap durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Gara ýollarymyz dünýä derejesine laýyk getirilýär hem-de barha giňeldilip, awtoulaglara edilýän hyzmatlar ýokarlandyrylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereket howpsuzlygynyň biraýlygyny guramaçylykly geçirmek täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we sürüjileriň ählisiniň hukuk garaýyşlarynyň kämilleşmegine, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekdäki hoşniýetli garaýyşlarynyň, ynsanperwer gatnaşyklarynyň has ýokarlanmagyna täsirini ýetirip, adamyň saglygy we howpsuzlygy hakynda döwlet derejesindäki aladany aýdyň görkezýär.
Mary welaýat polisiýa müdirliginiň şahsy düzümleri hem-de Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri bu biraýlykda welaýatymyzyň obadyr şäherlerinde ýerleşýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda wagyz-nesihat çärelerini alyp barýarlar. Welaýatymyzyň bilim ojaklarynda ýol hereketiniň düzgünlerine degişli ýörite suratlar hem-de ýol belgileri, gündelik durmuşdan şekilli mysallara salgylanmak arkaly geçirilýän çäreler mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky düşünjeleriniň artmagyna ýardam edýär. Welaýatymyzyň obadyr şäherleriniň köçeleri degişli ýol belgileri, ýol yşyklary, çyzgylar we beýleki enjamlar bilen üpjün edildi. Welaýatymyzda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri bu çäreleri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim ulgamynyň wekilleri bilen bilelikde alyp barýarlar.
Jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleri halkymyzyň saglygyny, rahatlygyny kepillendirýär. Her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem Arkadagly Serdarymyzyň şu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem halkymyzyň durmuşynyň asudalygy bilen birlikde, ýurdumyzyň arassa, ýagty, dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan ýollarynda sazlaşykly işleriň ýola goýulmagyny üpjün edýär.
Şeýlelikde, ýol hereket howpsuzlygynyň biraýlygynda geçirilýän wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Halkymyzyň asudalygy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Myrat Muhammedow,
Mary welaýatynyň Baýramaly etrap polisiýa bölüminiň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory.