Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, şu gün­ler Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Biş­kek şä­he­rin­de GDA ag­za döw­let­le­riň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da XVII Del­fi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ril­ýär. Bu oýun­la­ra il­kin­ji ge­zek türk­me­nis­tan­ly ýaş­lar hem gat­naş­ýar­lar.
9-njy okt­ýabr­da XVII Del­fi­ýa oýun­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ne­ti­je­le­rin­den soň bir­nä­çe ugur­da ýe­ňi­ji­ler kes­git­le­nil­di. Şeý­le­lik­de, türk­me­nis­tan­ly ýaş ze­hin­li aý­dym­çy Güýç­ber­di Gu­low ýe­ke­lik­de halk aý­dy­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de bäs­le­şi­giň kü­müş me­da­ly­na my­na­syp bol­ma­gy ba­şar­dy.
Şeý­le-de, ýur­du­my­zyň adyn­dan çy­kyş ed­ýän Sel­bi Nur­ýag­dy­ýe­wa 17 ýa­şa çen­li ýaş­la­ryň, We­pa Ýaz­my­ra­dow bol­sa 21 ýa­şa çen­li ýaş­la­ryň ara­syn­da şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty bo­ýun­ça «Ýö­ri­te dip­lo­ma» my­na­syp bol­du­lar.
Ýe­ri ge­len­de bel­läp geç­sek, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň adyn­dan çy­kyş ed­ýän dö­re­di­ji­lik to­pa­ry Del­fi­ýa oýun­la­ry­na şe­kil­len­di­riş, zer­gär­çi­lik, for­te­pia­no çal­mak, skrip­ka çal­mak, halk, wo­kal, est­ra­da aý­dym­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek, mil­li saz gu­ral­la­ryn­da saz çal­mak ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça gat­naş­ýar­lar.