Ga­dym eý­ýam­da bir til­ki­jik bar eken. Bu til­ki­jik güýz gün­le­ri­niň bi­rin­de aw göz­läp ýör­kä, ga­pa­na dü­şüp­dir. Til­ki ga­pan­dan syp­jak bo­lup her­nä­çe urun­sa-da, hiç sy­pyp bil­män­dir. Bir­nä­çe wagt­dan soň, aw­çy ge­lip til­ki­ni ga­pan­dan syp­dy­ryp­dyr. Til­ki öz-özü­ne: «Bu adam in­di me­ni bo­şat­sa ge­rek» di­ýip, pi­kir edip dur­ka, aw­çy til­ki­niň guý­ru­gy­na ýüp da­kyp­dyr-da, ar­ka­sy­na alyp gi­di­be­rip­dir. Şol bar­şy­na til­ki guý­ru­gy­ny ýo­lup ga­çyp gi­dip­dir. Şol ga­çyp bar­şy­na bu til­ki­jik bir sü­ri til­ki­niň üs­tün­den ba­ryp­dyr. Sü­rü­dä­ki til­ki­ler bu­ja­gaz til­ki­niň guý­ru­gy­nyň jon­ta­ryp dur­şu­na gül­şüp­dir­ler. Her ­nä­me-de bol­sa bu til­ki­jik ola­ryň gül­kü­le­ri­ne öw­re­ni­şip, olar bi­len ýa­şa­be­rip­dir. Şeý­le­lik­de, ýaň­ky til­ki­ler bu­ja­gaz til­kä «Jot­da til­ki» di­ýip at go­ýup­dyr­lar.
Gün­le­riň bir gü­nün­de jot­da til­ki ýol­daş­la­ry­na ga­rap:
– Dost­lar, ge­liň, gurt oý­nu­ny oý­na­lyň! − di­ýip­dir.
On­da til­ki­ler:
− Gurt oý­ny diý­ýä­niň nä­me? Ol oýun nä­hi­li oýun bol­ýar? Ol oý­ny nä­dip oý­na­ma­ly? − di­ýip so­rap­dyr­lar.
Jot­da til­ki bol­sa:
− Bu örän gy­zyk­ly oýun. Ýö­ne siz­den: «Bu oý­ny kim­den öw­ren­di­ňiz?» di­ýip so­ra­sa­lar, me­niň ady­my be­rer­si­ňiz. Men bol­sa hä­zir si­ze bu oý­ny öw­re­de­ýin − di­ýip­dir.
Ol til­ki­le­riň guý­ruk­la­ry­nyň düý­bün­den ýüp bi­len pug­ta da­ňyp, ola­ryň hem­me­si­ni bir aga­ja bag­lap çy­kyp­dyr. Soň­ra jot­da til­ki:
– Men daş-tö­we­re­gi göz­den ge­çi­re­ýin, bir­den aw­çy­lar bo­laý­ma­syn – di­ýip, de­pä gar­şy ug­rap­dyr. Ol de­pä çy­kyp, tö­we­re­gi­ne se­re­dip­dir-de, bir­de­nem:
− Haý, ga­ça­we­riň, dost­lar! Bir mer­gen at­ly ýe­tip gel­ýär − di­ýip, se­si­niň ýet­di­gi­nden gy­gy­ryp, özi hem bir ta­ra­pa ga­çan bo­lup­dyr.
Aga­ja baglanan til­ki­ler «Mer­gen gel­ýär» se­si­ni eşi­den­den bi­ri-bi­rin­den öň gaç­jak bo­lup, urun­ma­ga baş­lap­dyr­lar. Şol bar­ma­na aň­sat­lyk bi­len sy­pyp bil­me­jek­le­ri­ne gö­zi ýe­ten til­ki­le­riň hem­me­si guý­ruk­la­ry­ny ýo­lup, to­ka­ýa ta­rap ök­jä­ni gö­te­rip­dir­ler.
Şon­dan soň bu til­ki­ler hem jot­da bo­lup ga­lyp­dyr­lar. Bu wa­ka­dan bir­nä­çe gün ge­çen­den soň, şol jot­da til­ki­jik bu­la­ryň ýa­ny­na ge­lip:
– «Gül­me goň­şy­ňa, ge­ler ba­şy­ňa», «Köp gü­len bir ag­lar» diý­le­ni­ne in­di dü­şün­di­ňiz­mi? – di­ýip, ola­ra gy­ja­lat be­rip­dir.