1888-nji ýy­lyň 30-njy okt­ýab­ryn­da şä­rik­li ruç­ka­nyň il­kin­ji nus­ga­sy­na pa­tent alyn­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ruç­ka diý­len­de, adat­ça, şa­rik­li ruç­ka göz öňü­ňe gel­ýär. Üns be­ren bol­sa­ňyz, ruç­ka­nyň ujun­da ki­çi­jik top­ja­gaz bo­lup, ol sy­ýa­ny bir­sy­dyr­gyn ak­dy­ryp, çy­zy­gy eme­le ge­tir­ýär. Bu bol­sa sy­ýa­ny örän tyg­şyt­ly sarp edip, aras­sa ýaz­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le ýa­zuw guraly­nyň il­kin­ji nus­ga­sy­ny ame­ri­ka­ly Jon La­ud oý­lap tap­ýar. Onuň oý­lap ta­pan en­ja­my­nyň ujun­da ki­çi­jik po­lat top­ja­gaz bo­lup­dyr. Soň­ra dür­li ýyl­lar­da ujy top­ja­gaz­ly ýa­zuw en­jam­la­ry­nyň bir­nä­çe gör­nü­şi taý­ýar­lan­ýar.
1943-nji ýyl­da weng­ri­ýa­ly Las­lo Ýo­sef Bi­ro hem-de onuň do­ga­ny Jorj Bi­ro hä­zir­ki­le­re meň­zeş ruç­ka­ny hö­dür­le­ýär. Şol ýyl ame­ri­ka­ly oý­lap ta­py­jy Mil­ton Reý­nolds ABŞ-da şa­rik­li ruç­ka pa­tent alyp, köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­rip baş­la­ýar. Şol wagt­lar Nýu-Ýor­kuň bir dü­ka­nyn­da bir gün­de 10 müň sa­ny ruç­ka sa­ty­lyp­dyr. 1958-nji ýyl­da fran­si­ýa­ly Mar­sel Bik şa­rik­li ruç­ka­ny has-da kä­mil­leş­di­rip, BIC bren­di bi­len ruç­ka­nyň hä­zir­ki ýa­ly gör­nüş­le­ri­niň sa­tu­wy­ny ýo­la goý­ýar.