Formula 1 boýunça möwsümiň 20-nji “Gran Prisi” Meksikanyň paýtagty Mehiko Sitidäki Hermano Rodrigesiň adyny göterýän awtodromda geçirildi. 71 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. 2 sagat 02 minut 30,814 sekuntda pellehana gelen Werstappen möwsümdäki 16-njy, karýerasyndaky 51-nji ýeňşini baýram etdi. Şunlukda, Werstappen özüne degişli bir möwsümde iň köp ýeňiş gazanan sürüji rekordyny 16-a çykardy.
Ýaryşda ýeňijiden 13,875 sekunt yza galan “Mercedes” toparynyň britan piloty Lýuwis Hamilton 2-nji ýeri eýeledi. “Ferrari” toparynyň sürüjileri – ýaryşa ilkinji hatardan bat alan monakoly Şarl Lekler hem-de ispaniýaly Karlos Saýns Junior 3-4-nji ýerleri paýlaşdylar. “Mercedes” toparynyň beýleki piloty Lando Norris ýaryşy 5-nji orunda tamamlady.
Meksika “Gran Prisinden” soň çempion Werstappen utugyny 491-e ýetirdi. Bu “Gran Pride” ulagynda dörän näsazlyk sebäpli ýaryşy tamamlap bilmedik Serhio Peres 240 utuk bilen 2-nji ýerde barýar. Peres bilen utuk aratapawudyny 20-ä düşüren Lýuwis Hamilton 3-nji orny eýeleýär.
Möwsümiň 21-nji Gran Prisi 5-nji noýabrda Braziliýanyň Sao Paulo şäherinde geçiriler.