Lukmanlaryň bellemeklerine görä, käbir iýmit önümleri ýatkeşligi we ünslüligi güýçlendirýär. ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň ylmy işgäri, doktor Karol Çitham beýniniň işjeňligine ýardam edýän birnäçe iýmitiň bardygyny belleýär. Onuň bellemegine görä, hoz, badam ýaly düzüminde ýag, protein, antioksidant we witamin bolan gury ir-iýmişleri iýmek ýatkeşlik üçin peýdaly. Her gün 10 gramdan gowrak hoz iýmek ünslüligi güýçlendirmek üçin ýeterlik hasaplanýar. Ysmanak, kelem ýaly goýy ýaşyl reňkli gök otlary we bakja önümlerini iýmegiň hem peýdalydygy bellenilýär. Şeýle hem iýmit sanawynda brokkoli, kädi, nohut, kiwi ýaly iýmitleriň bolmagy hem saglyk üçin örän peýdalydygy bellenilýär. Lukmanlar ýagly balygyň hem beýni üçin ýaramlydygyna ünsi çekýärler.
Merjen JARÇYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň assistenti.