Oguz han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gi­niň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li do­ku­men­tal fil­mi su­ra­ta dü­şür­mek üçin Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bu­ha­ra şä­he­rin­de dö­re­di­ji­lik sa­pa­ryn­da bo­lar.
Şu ýy­lyň no­ýabr aýy­nyň ahy­ryn­da Öz­be­gis­ta­na dö­re­di­ji­lik sa­pa­ry bi­len ug­ra­jak türk­men we­ki­li­ýe­ti­ne «Türk­men­film» bir­le­şi­gi­niň ýaş re­žiss­ýo­ry An­na­dur­dy Täş­li­ýew ýol­baş­çy­lyk eder.
Ýa­kyn­da to­ma­şa­çy­la­ra bu re­žiss­ýo­ryň tä­ze ese­ri — 14-15-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Ar­ka­da­gyň sä­he­ri» at­ly I Hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wal ba­ra­da do­ku­men­tal film hö­dür­le­ner.
Or­ta asyr­lar­da köp met­jit­ler we med­re­se­ler bi­len ys­lam me­de­ni­ýe­ti­niň mer­ke­zi­ne öw­rü­len Bu­ha­ra­da Gün­do­ga­ryň en­çe­me akyl­da­ry, şo­nuň bi­len bir ha­tar­da nus­ga­wy şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hem bi­lim al­dy.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň il­kin­ji ne­şir­le­ri­niň bi­ri Bu­ha­ra­da 1910-njy ýyl­da «Hez­re­ti Mag­tym­gu­ly­nyň di­wa­ny» ady bi­len ne­şir edi­lip­dir.
Şu ýy­lyň iýun aýyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­ni­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan çä­re­le­riň çä­gin­de Öz­be­gis­ta­nyň Bu­ha­ra we­la­ýa­tyn­da «Mag­tym­gu­ly­nyň bü­tin­dün­ýä şöh­ra­ty» at­ly dia­log- kon­fe­ren­si­ýa­sy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar ýo­ka­ry yn­san­per­wer däp-des­sur­la­ra esas­lan­ýan çe­per aň­lat­ma­nyň us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­nyň di­ňe bir tür­ki dil­li halk­la­ryň däl, eý­sem, tu­tuş adam­za­dyň hem gym­mat­ly baý­ly­gy­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Çä­rä­niň çä­gin­de, gat­na­şy­jy­lar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň bi­lim alan Gö­gel­daş med­re­se­si­niň Bu­ha­ra­da­ky «Kö­ne şä­her» ýa­dy­gär­lik top­lu­my­na ba­ryp gör­dü­ler, şeý­le hem şa­hy­ryň ýa­şan we okan ýer­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar.
Bel­läp geç­sek, mun­dan ozal Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ady we dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýer­ler we adam­lar ba­ra­da­ky film­ler Rus­si­ýa­da, Azer­baý­jan­da, Eý­ran­da we Tür­ki­ýe­de su­ra­ta dü­şü­ril­di.