Ýakynda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda 30 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 16 sany 4 gatly, her biri 68 öýli ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, seýilgähi hem-de ýaşaýyş toplumynyň içerki awtomobil ýollaryny we daşarky eltiji, içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary gurmak barada hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbi has-da gözelleşýär. Bagtyýar raýatlarymyz üçin döwrebap desgalar, binalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen hem tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda hem-de Arkadag şäheriniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň barşyny synlady. Şunda adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şol sanda amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzda dürli maksatly binalaryň gurluşyklary bilen bir hatarda, şäheriň ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan binalary we desgalary bellenen möhletinde ulanmaga bermek boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini, ýaşaýyş jaýlarynyň, şäherçeleriň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny depginli alyp barmagyň wajypdygyny hemişe nygtaýar. Ak mermerli paýtagtymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalarynyň aýdyň beýany bolup durýan iri möçberli gurluşyklar ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän depginli ösýän şäher hökmünde onuň derejesini pugtalandyrýar.
Aşgabadyň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynyň çäginde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan has oňaýly ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Bu toplumda ugurdaş durmuş desgalarynyň bina edilmegine aýratyn üns berilýär. Ýatlap geçsek, geçen ýyl hem hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de söwda, medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň açylyşy bolupdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň oktýabryndaky degişli Buýrugyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmagynda 91,06 gektar ýer böleginde bina edilen desgalaryň gurluşyk işlerini ýerli hususy kärhanalaryň hem-de hojalyk jemgyýetleriniň 40-synyň alyp barandygyny bellemek gerek. Toplumyň çägindäki täze binalaryň hatarynda 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, söwda we medeni-dynç alyş merkezi, 2 gatly söwda dükanlarynyň 10-sy, şeýle-de bazar bar. Täze ýaşaýyş jaýlary jemi 3 müň 70-e golaý hojalyga niýetlenip gurlupdy.
Şeýlelikde, Aşgabat şäherinde degişli inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümi bolan ýene-de bir täze ýaşaýyş jaý toplumy emele geler. Paýtagtymyzyň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda ýene-de 46 ýaşaýyş jaýy gurlar we 2300-e golaý täze öý peýda bolar. Paýtagtymyzyň ýaşaýyş toplumlarynda gurulýan desgalar we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary aşgabatlylar üçin ajaýyp sowgatdyr. Munuň özi şähergurluşyk strategiýasynda durmuş ugrunyň ileri tutulýandygynyň, halkymyzyň ýaşaýşy, oňaýly dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilýändiginiň, ýurdumyzyň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edilen adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendiginiň aýdyň güwäsidir.
Alsu Habibulina,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.