Mikado fiziki ussatlygy talap edýän nusgawy oýunlaryň biridir. Reňkli uzyn çöpler bilen oýnalýan bu oýun asyrlarboýy dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlaryň ünsüni özüne çekipdir. Esasan hem, çagalar üçin gyzykly bolan mikado el hereketlerini kämilleşdirmekde, ünslüligi güýçlendirmekde we pikirlenişi ösdürmekde ähmiýetlidir. Mikado meňzeş oýunlar Orta asyrlarda Müsürde, Gresiýada we Rimde hem oýnalypdyr. Emma oýnuň häzirki zaman görnüşi Ýewropada XVIII asyrda ýüze çykýar. Ilkibaşda oýnuň ady «spillikins» diýip atlandyrylyp, samanyň gaty baldagyndan (sypal) taýýarlanan çöpjagazlar bilen oýnalypdyr. Soňlugy bilen reňkli çybyklar bilen oýnalan bu oýun «mikado» ady bilen meşhur bolup başlaýar. Akyllylygy we usullylygy talap edýän çybyk oýny ýapon hökümdary Mikadonyň adyndan gelip çykýar. Bu oýnuň köp ýurtda oýnalýandygy sebäpli, düzgünler hem dürli-dürlüdir.
Mikado nädip oýnalýar?
Nusgawy mikado oýnunda uzynlygy 15 santimetre barabar 41 taýajyk bolýar. Oýunçylaryň sany çäklendirilmeýär. Taýajyklar dik saklanýar we stoluň üstüne ýaýradylýar. Soňra sagadyň diliniň ugry boýunça her oýunçy saýlan çöpjagazyny almaga synanyşýar. Her kim öz gezeginde beýleki taýajyklara degmezden ýa-da gymyldatmazdan bir çöpjagazy almaly. Eger muny haýsy oýunçy başarsa, beýleki çöpjagazlary almagy dowam etdirýär. Eger başarmasa, gezegini ýitirýär. Oýnuň soňunda çöpjagazlar sanalýar. Käte bu oýunda köp taýajyk ýygnan oýunçy däl-de, ondan az ýygnan oýunçy ýeňiji bolýar. Sebäbi mikado oýnunda ýeňijini taýajyklaryň sany däl-de, taýajyklardaky reňkleriň sany kesgitleýär. Çöpjagazlarda 1-den 7-ä çenli üç reňkde – gyzyl, ýaşyl we gök çyzyklar bolýar. Mikado oýnunda «kömekçi taýajyklar» diýlip atlandyrylýan goşmaça çöpler hem ulanylýar.