Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

Ýur­du­myz­da pä­him-paý­has um­ma­ny bo­lan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­ligi bi­len bi­le­lik­de bel­le­mek ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gi­ren baý hem-de gym­mat­ly ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de Kö­pet­da­gyň ete­gin­de gurulýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ägirt uly heý­ke­li­ be­ýik şa­hy­ryň öm­rü­ne, dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­na hä­zir­ki döw­rüň ne­sil­le­ri ta­ra­pyn­dan uly sar­pa go­ýul­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.
Be­ýik akyl­da­ryň «Ber­ka­rar döw­let is­tä­rin» di­ýip, öz­baş­dak döw­let, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir, asu­da we aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ha­kyn­da eden ar­zuw­la­ry döw­le­ti­mi­ziň Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bol­ma­gy bi­len do­ly ha­syl bol­dy. Dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň baý gen­ji-ha­zy­na­sy­na öw­rü­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň çuň­ňur pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan eser­le­ri hem-de fi­lo­so­fik ga­ra­ýyş­la­ry, ag­zy­bir­lik, sa­ha­wat­ly­lyk ha­kyn­da­ky pi­kir­le­ri, öwüt-ün­dew­le­ri türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ru­hy taý­dan kä­mil­li­gi­ne, hal­ky­my­zyň hä­zir­ki we gel­jek ne­sil­le­ri­niň ru­hy sag­dyn­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da goý­lan­dyr.
Yl­ha­my gur­sa­gy­na syg­man, çe­per dö­re­di­ji­li­ge baş go­şan ýaş­la­ryň deň­siz-taý­syz lez­zet­den we müň bir hup­bat­dan do­ly ýo­la şy­gyr bi­len baş­la­ma­gy ýö­ne­li­ge däl. Çün­ki şy­gyr çe­per dö­re­di­ji­li­giň iň süý­ji, iň özü­ne ­çe­ki­ji şa­ha­sy. Me­ge­rem, ça­ga­lyk hö­we­si­mi­ziň eli­ne ga­lam tut­dur­ýan güýç hem şyg­ryň süý­jü­li­gi we ja­dy­sy­dyr. Çün­ki kä­mil şy­gyr oky­jy­ny he­mi­şe­lik özü­ne bag­la­ýar. Dog­ry, il­kin­ji ge­zek okaň­da, kä­mil şy­gyr­dan uzak wagt­lap ör­kü­ňi üzüp bil­män otur­ýar­syň. Ýö­ne ol soň-soň­la­ram ýe­ne özü­ne do­lap ge­tir­ýär. Kä­bir şy­gyr­la­ryň wag­tal-wag­tal gaý­ta­lap-gaý­ta­lap okal­ma­gy­nyň se­bä­bi hem şun­da.
Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly türk­men ede­bi­ýa­ty­na şeý­le kä­mil şy­gyr­la­ryň ýe­ne bi­ri­ni ba­gyş­la­dy. Gahryman Arkadagymyzyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly şyg­ry şol kä­mil­li­giň hut özü­dir. Özi hem bu şyg­ry ilkinji gezek Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hut özüniň okamagy has täsirli boldy.
Mil­li Li­de­ri­miz Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga goý­ýan hor­ma­ty­ny be­ýan edip, tä­ze şyg­ryn­da şa­hy­ra: «Onuň Aly­je­na­by» di­ýip ýüz­len­ýär. Sy­ýa­sat dün­ýä­sin­de iň mer­te­be­li adam­la­ra «Aly­je­nap» diý­lip ýüz­le­nil­ýän­di­gi­ni bil­ýän­si­ňiz. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň hem şeý­le ýüz­len­mä my­na­syp şah­sy­ýet­di­gi­ni su­but et­di.
Şyg­ryň se­tir­le­ri hy­ýal­la­ry­ňy, gö­wün dün­ýä­ňi, gör, ni­re­le­re alyp git­me­ýär?! Bu gün türk­men hal­ky Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­ny «ja­na-ja­ny­na de­ňäp, oňa baş eg­ýär, müň bir to­gap bi­len ýa­ny­na bar­ýa­rys». Be­ýik­le­riň yk­ba­ly şeý­le! Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy öz öm­ri bi­len, kä­mil dö­re­di­ji­li­gi bi­len «ba­ry­my­zy ägirt şöh­rat-şa­ny­na şä­rik ed­ýär». Ol «asyr­la­ryň nu­ra­na ro­wa­ýa­ty», ol «Taň­ry­nyň he­ma­ýa­ty», bir döw­re syg­ma­ýan, «äh­li me­kan-za­man­la­ryň çyn-ha­ky­ky ra­ýa­ty». Ine, şo­nuň üçin hem şa­hy­ryň «päk ru­hu­nyň baý­ra­my­na-to­ýu­na hor­mat goý­ýa­rys, zer ýal­kym­ly pi­ki­ri­ne-kü­ýü­ne tag­zym ed­ýä­ris». Bu gün bol­sa «Onuň Aly­je­na­by Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy Kö­pet­da­gyň ete­gin­de ör­bo­ýu­na ga­lyp», dog­duk Di­ýa­ryn­da dö­rän jen­ne­ti syn­la­ýar.
Şa­hy­ryň «üç asy­ryň do­wa­myn­da ge­çen ýo­ly ju­da uly». Şeý­le be­lent mer­te­be­li şah­sy­ýet­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, akyl­dar şa­hyr «hal­ky­nyň hem adam­za­dyň sa­dyk-syt­dyh gu­ly». Tu­tuş adam­za­dyň ga­my­ny iý­ýän­li­gi üçin hem ol «he­mi­şe we hem­me ýer­de şol bir Mag­tym­gu­ly».
Şyg­ryň jem­leý­ji se­tir­le­ri bol­sa akyl­dar şa­hy­ryň 300 ýyl­lyk ýu­bi­leý to­ýu­nyň şy­ga­ry­na öw­rü­lip bil­jek de­re­je­de kä­mil:
«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy,
Onuň Aly­je­na­by Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy».
In­di baş­ga bir ha­ky­ka­ta ün­sü­ňi­zi çek­mek is­le­ýä­ris. Ýa­kyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä ýaş­lar jem­gy­ýe­ti­niň hem ag­za­ly­gy­na ka­bul edi­len Ýaş­lar gu­ra­ma­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ady­ny buý­sanç bi­len gö­ter­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy özü­niň kä­mil ösüş ýo­lu­nyň iň nu­ra­na ýyl­la­ry­ny Gahryman Arkadagymyzyň sa­ýa­syn­da Arkadagly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly ýurt baş­tu­tan­ly­gyn­da ge­çir­ýär. Akyl­dar şa­hy­ryň ady­ny gö­ter­ýän gu­ra­ma­my­zyň mil­lio­na go­laý ag­za­sy yk­ba­ly­na Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dür­dä­ne se­tir­le­ri­ni tug, Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ne­si­hat­la­ry­ny ýö­rel­ge, hormatly Prezidentimiziň aý­dyň ýo­lu­ny ugur edin­ýär­ler. Şeý­le bo­lan­soň, ola­ryň my­da­ma üm­zü­gi ile­ri! Eziz Arkadagymyzyň bu şyg­ry bol­sa ýaş­la­ryň öz Arkadagyna, öz şa­hy­ry­na, öz söz us­sa­dy­na, ha­ly­pa­sy­na bo­lan söý­gü­si­ni ozal­ky­syn­dan hem ep-es­li art­dy­rýar.
Şeý­le kä­mil şyg­ry dö­re­dip, be­ýik­le­ri­mi­zi sar­pa­la­mak­da gör­kez­ýän nus­ga­lyk gö­rel­de­si üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­ýä­ris. Türk­men ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da gur­sa­gy yl­ham­ly­la­ry ju­da kän. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň tä­ze şyg­ryn­da­ky kä­mil­lik ola­ryň dö­re­di­ji­lik­dä­ki tä­ze ädim­le­ri­ne ýol gör­ke­zi­ji bo­lar.

Döw­let­gel­di DUR­DY­MU­HAM­ME­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry.