Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiz Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Tejen-Mary böleginiň gurluşygy bilen tanyşdy we halkara ähmiýetli ýoluň gurluşygynda işleýän ýol gurluşykçylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň iş şertleri bilen gyzyklandy.
Gahryman Arkadagymyz ýol, köpri gurmagyň, bina galdyrmagyň türkmen halkynda sogap iş hasaplanýandygyny belläp, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmegine mynasyp goşant goşulýandygyny, bu ýoluň geljekde tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjekdigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýoluň ýol belgileriniň döwrebap bolmagy, ulaglaryň hereketini gözegçilige alýan ulgamyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişelik gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.
Bilşimiz ýaly, Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegi 2021-nji ýylda ulanylmaga berlipdi. Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna bolsa 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Taslamanyň umumy bahasy 2,5 milliard dollara barabardyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Resminamada awtomobil ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyrda ulanmaga bermek bellenildi.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder. Gurluşygyň meýilnamasyna laýyklykda, awtoban alty hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Munuň özi dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär.
Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite zolak arkaly bölünipdir. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw hem-de adamlaryň we haýwanlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär.
Ýol örtügi birinji derejeli täze awtoban döwrebap serişdelerden – ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup, olar ýol örtüginiň we köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar.
Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu tapgyr ýakyn wagtda işe giriziler. Mundan başga-da, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň gurluşygyna hem girişildi. Mary-Türkmenabat bölegi boýunça gurluşygy başlanan awtoulag ýolunyň häzirki böleginiň uzynlygy 288 kilometrdir. Onuň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer. Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly häzirki wagtda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň ähmiýetli iň uly ýol-ulag taslamalarynyň biridir.
Selim Öwezmyradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.