Su­rat çek­mek bi­len bag­ly dö­re­di­ji­lik işi diý­len­de il­ki bi­len kar­ti­na ýa-da ka­gy­za çe­ki­len su­rat kö­pi­mi­ziň göz öňü­mi­ze gel­ýär. Su­rat çe­ken­de adam iç­ki duý­gu­sy­ny, ba­şar­ny­gy­ny we ze­hi­ni­ni ga­lam­dyr reňk bi­len be­ýan ed­ýär. Me­ge­rem, ara­ňyz­da su­rat çek­me­gi ha­la­ma­ýa­ny­ňyz ýok bol­sa ge­rek. Soň­ky ýyl­lar­da su­rat­keş­li­giň, ýag­ny şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň ge­ri­mi has gi­ňe­di. In­di su­ra­ty di­ňe ka­gy­za ýa-da ken­di­re däl-de, dür­li ma­te­ri­al­la­ra hem çek­ýär­ler. My­sal üçin, suw kä­di­ni be­zäp su­rat çek­mek, tag­ta­nyň ýü­zü­ni oýup şe­kil­le­ri ýa­sa­mak, gu­ra­dy­lan ýap­rak­la­ra su­rat çek­mek we ş.m.
Şe­kil­len­di­riş sungaty bi­len bag­ly tä­sin dö­re­di­ji­lik ýo­lu­nyň bi­ri hem ýe­le­ge su­rat çek­mek görnüşidir. Su­rat çek­me­giň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ýan­lar guş­la­ryň pe­ri­ni dök­ýän möw­sü­mi owa­dan ýe­lek­le­ri ýygnaýarlar. Esa­san hem, hin­di to­wu­gy­nyň ýe­le­gi su­rat çek­mek üçin amat­ly­ ha­sap­lan­ýar. Ýe­lek­ler ýuw­lup gu­ra­dy­lan­dan soň, ga­lam bi­len däl-de, ujy in­çe reňk­li ruç­ka­lar bi­len dür­li şe­kil­ler çe­kil­ýär. Ýe­le­giň ýü­zü­ne su­rat çek­mek ir­ki za­man­lar­da Okea­ni­ýa ýurt­la­ry­nyň we Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň halk­la­ry­nyň ara­syn­da dö­re­ýär hem-de ýyl­lar geç­di­gi­çe kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ga­dym za­man­lar­da gu­şuň uzyn ýe­le­gi şa­lyk ny­şa­ny, mu­kad­des zat hasaplanypdyr. Şol dö­wür­ler­de ýe­lek ti­mar­la­mak işi Ame­ri­ka­da ýoň bo­lup­dyr. Hal­kyň ara­syn­da dür­li şe­kil­ler çe­ki­len ýe­lek­le­ri sa­çy­ňa gys­dyr­mak, şlýa­pa­la­ra ýe­lek dak­mak hem-de mil­li baý­ram­lar­da ýe­lek­den ýa­sa­lan be­zeg­le­ri ulan­mak dä­bi dö­re­ýär. Şeý­le­lik bi­len, pe­riň ýü­zü­ne su­rat çek­mek sun­ga­ty­nyň il­kin­ji nus­ga­la­ry ýü­ze çyk­ýar. Ýyl­lar geç­di­gi­çe kä­mil­leş­di­ri­len sun­ga­tyň bu gör­nü­şin­de ýe­le­ge her kim iň ha­la­ýan jan­da­ry­nyň şe­ki­li­ni, esa­san hem, guşuň şekilini çekipdir.
Ýe­le­ge su­rat çek­mek üçin tü­ýü­ni dö­ken guş­la­ryň uzyn hem owa­dan ýe­le­gi­ni alyp, ma­za­ly ýu­wup gu­rat­ma­ly. Gurandan soň çek­jek şe­ki­li­ňe gö­rä, ýe­lek­le­riň bi­ri­ni saý­la­ma­ly ýa-da birnäçe ýelegi biri-birine ýelimlemeli. Soň­ra reňk­li ruç­ka­lar bi­len ga­ty bas­man, ýu­waş­lyk bi­len şe­kil­le­ri çek­me­li. Pe­re çe­ken su­ra­ty­ňy­zy ýa­kyn­la­ry­ňy­za we dost­la­ry­ňy­za sow­gat be­rip bi­ler­si­ňiz.