9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, geçen ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi we şu ýylda döwletimiziň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.
Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim
Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýylda uly üstünlikleri gazandyk, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi.
Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 4,3 göterim, söwdada 12,8 göterim, oba hojalygynda bolsa 4,4 göterim boldy. Maýa goýumlar 7,5 göterim artdy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hasabat döwründe jemi 12 müň 274 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 11,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 78 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar.
Geçen ýyl biz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda gurlan ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäherini dabaraly ýagdaýda açdyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bellenilişi ýaly, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy, şeýle hem dürli ugurly onlarça täze kärhanalar dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Daýhanlarymyz ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de artdyryldy.
Paýtagtymyz Aşgabatda ýokary derejede geçirilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.
Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy has-da ýokarlanýar. Biz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürýäris. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň halkara giňişlikde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Bitarap Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, ýurdumyz dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen dürli görnüşdäki gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlige eýe boldy.
430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlar
Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdik. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, watançylygymyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ileri tutulýan wezipelerine geçip, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň we binalaryň gurluşygyna badalga berler, şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy açylyp ulanmaga berler
Şu ýyl Aşgabat şäherinde bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga, «Dokmaçylar» medeni merkezi, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalar, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanmaga tabşyrylar. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi işe giriziler. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Daşary ýurtly döredijilik işgärleri hem sylaglanar
Nygtalyşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreler geçiriler. Bellenilişi ýaly, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini, onuň baý mazmunly goşgularyny dünýä ýaýmakda professor-mugallymlaryň, edebiýatçylaryň, döredijilik işgärleriniň hyzmaty örän uludyr. Bu işe daşary ýurtly raýatlar hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly döredijilik işgärlerini täze döredilen ýubileý medaly hem-de Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglamak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, ýylymyzyň aýratyn möhüm wakalary bolan bu şanly seneleri geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada tabşyryklar berildi.