Ahalteke bedewi — halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden buýsançly milli mirasydyr

2

5-nji iýulda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy. Onda ýurdumyzyň täze taryhynyň ajaýyp sahypalaryna öwrülen şanly wakalara, aýratyn-da, şu ýylyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, olaryň guramaçylyk derejesine hem-de ähmiýetine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi.

 Dabaraly mejlise gatnaşyjylar ilki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri görkezildi. Sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän ajaýyp kitaplara giň orun berlipdir. Aýratyn-da, Milli Liderimiziň ahalteke bedewleriniň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny wasp edýän kitaplary serginiň bezegine öwrüldi.

Soňra Mukamlar köşgüniň kaşaň binasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek, ony dünýä ýaýmak meselelerine bagyşlanan dabaranyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilmegi netijesinde bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny bellediler. Behişdi bedewlerimiz, nepis halylarymyz, wepaly alabaýlarymyz we beýleki gymmatlyklarymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden buýsançly milli mirasydyr.

Mejlis “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meşhur ahalteke bedewlerine, atçylyga we atşynaslyk sungatyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri baradaky çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyşlarda şu ýylyň dowamynda türkmen seýisleriniň yhlasyndan dörän ahalteke bedewlerini giňden wasp etmek we olary halkara giňişlikde tanatmak boýunça giň möçberli çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygy aýdyldy. Aýratyn-da, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler toparlary ýurdumyzda, daşary döwletlerde geçirilýän halkara festiwallara, maslahatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk Respublikasyna, Beýik Britaniýa, RF-niň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň dowamynda atçylyk sungatyna degişli meseleler boýunça şol ýurtlaryň atşynaslary hem-de hünärmenleri bilen maslahatlary geçirdi. Munuň özi Milli Liderimiziň her bir pursatda milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine uly üns berýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor galasynyň çäklerinde geçirilen atly sport çykyşlaryna tomaşa edendigine, şeýle hem Patyşa Karl III bilen duşuşyp, atçylyk ugrunda iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyna üns çekildi. Şol bir wagtyň özünde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýändigini, olaryň Azerbaýjanda we Türkiýede türkmen milli atçylyk sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezendigini bellemek zerur. Şeýle-de türkmen çapyksuwarlary Kazanda guralan atly sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýelediler.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly mejlis sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Belli estrada ýyldyzlarynyň, bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk senesini mynasyp garşylamak ugrunda zerur tagallalar edýän, täze eserleri döredýän medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň waspy öz beýanyny tapdy.