Angliýanyň çempionatynda 37-nji tapgyryň ilkinji 2 duşuşygy geçirildi. “Çelsi” öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedden” 1-0 hasabynda üstün çykdy. Londonlylaryň ýeke-täk goluny Riis Jeýmsiň pasyndan soň 71-nji minutda Mark Kukurelýa geçirdi. “Çelsi” bu ýeňiş bilen täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşma ugrunda uly mümkinçilik gazandy.
“Mançester Ýunaýted” bolsa möwsümde 18-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Bu görkeziji klub üçin antirekorda deňdir. “Ýunaýted” 16-njy orunda barýar.
Ýene bir duşuşykda “Aston Willa” öz meýdançasynda “Tottenhamdan” Ezri Konsanyň (59) hem-de Kamaranyň (73) gollary bilen 2-0 hasabynda üstün çykdy. “Aston Willa” hem utugyny “Çelsi” ýaly utugyny 66-a çykardy.
21-nji duşuşygynda utulan “Tottenham” topary 17-nji orny eýeleýär.
Aslynda ligada galmak üçin göreşmeli bolup bilerdiler
APL-de aşaky liga düşen klublaryň üçüsem bir eýýäm belli boldy. Juda pes netije görkezmegi olary aşaky liga düşürdi. Adatça göreş dowam eden ýagdaýynda “Mançester Ýunaýted” hem-de “Tottenham” toparlary, ýagny uly 6-lygyň klublarynyň 2-si soňky tapgyra çenli ligada galmak üçin göreşmeli bolarlardy. Ýöne çempionatda taryhlaryndaky iň şowsuz möwsümleriniň birini başdan geçirýändiklerine garamazdan, “Mançester Ýunaýted” ýa-da “Tottenham” toparlarynyň haýsy hem bolsa biri geljek möwsümde UEFA Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi hökmünde Çempionlar Ligasyna gatnaşar.
Olar geljek hepdäniň çarşenbe güni Ispaniýanyň Bilbao şäherinde Ýewropa Ligasynyň finalynda duşuşarlar.