10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.
Çykyşda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.
309 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 18 milliard 600 million manada golaý düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim köpdür. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 309 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler dowam etdirildi. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler
Soňra hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ikinji ýarymynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň we beýleki halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny ýokary derejede geçirmäge düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady. Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. “Bulardan başga-da, möhüm ähmiýetli köp sanly halkara çäreler guralar. Şoňa görä-de, meýilleşdirilýän bu çärelere gowy taýýarlyk görmeli. Şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny ýokary derejede bellemeli” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk görüp başlamalydyr. «Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek, ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz sözüniň üstüni ýetirdi. Bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir. Şeýle-de geçiriljek bu guramaçylyk işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi degişli işleri alyp barmalydyr.
Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berildi
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny tamamlamak bilen, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň ýurdumyz boýunça, umuman, gowy bolandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça 11-nji iýulda maslahatlary geçirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan başlap dynç almaga rugsat berýändigini aýdyp, ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.
PDF









