Amerikaly tälimçi ýer eýesi Kanadanyň düzümini mälim edildi

12

Dünýä Kubogy 2026-nyň ýer eýeleriniň biri bolan Kanadanyň gutarnykly düzümi mälim edildi. Amerikaly tälimçi Jessi Marş düzüme çagyran 26 futbolçysyndan Marselo Flores şikes aldy we topardan çykaryldy. Onuň ornuna alynjak oýunçy ýakyn günlerde belli ediler. Tälimçi Kamal Miller, Säm Adekugbe, Skott Kennedi, Junior Hoilett, Samuel Piette, Mark-Antoni Kaýe, Lukas Kawallini, Şarlz-Andreas Brym ýaly ozal telim gezek milli toparda oýnan oýunçylary dürli sebäplere görä, ýygynda almady.

Kanadanyň ýygyndysy duşuşyklaryny Toronto hem-de Wankuwerde geçirer. “B” toparçada çykyş etjek Kanadanyň ýygyndysy Bosnýa we Gersegowinanyň, Kataryň hem-de Şweýsariýanyň ýygyndylary bilen duşuşar. Kanadanyň ýygyndysy Dünýä Kubogyna bassyr 2-nji, umumylykda 3-nji gezek gatnaşýar we olaryň häzirlikçe ýeňşi ýok.

DERWEZEÇILER
Deýn Sent-Kleýr (Inter Maýami)
Maksim Krepo (Orlando Siti)
Owen Gudman (Barnsli)

GORAGÇYLAR
Alisteýr Jonston (Seltik)
Luk de Fužrol (Dender, Belgiýa)
Alfi Jons (Middlsbro)
Joel Woterman (Çikago Faýr)
Derek Kornelius (Reýnjers)
Moiz Bombito (Nissa)
Alfonso Dewis (Bawariýa)
Riçi Larýe (Toronto)
Niko Sigur (Haýduk Split)

ÝARYMGORAGÇYLAR
Matiu Şoiner (Los Anjeles FK)
Stefen Estakio (Los Anjeles FK)
Ismael Kone (Sassuolo)
Liam Millar (Hall Siti)
Jeýkob Şaffelburg (Los Anjeles FK)
Teýjon Býukenan (Wilýarreal)
Ali Ahmed (Norwiç Siti)
Jonatan Osorio (Toronto)
Natan Saliba (Anderleht)

HÜJÜMÇILER
Kaýl Larin (Southempton)
Jonatan Dewid (Ýuwentus)
Tani Oluwaseýi (Wilýarreal)
Promis Dewid (Ýunions Sent-Žilluaz)