Aşgabatda ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy bellendi

11

2-nji iýunda Aşgabatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlyk gününiň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen dabara ABŞ-nyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud myhmanlary iki ýurduň baýdaklary bilen bezelen ýörite ýerde kabul etdi.
Myhmanhananyň girelgesinde ANŞ-nyň garaşsyzlygynyň taryhy bilen bagly gollanmalar, şeýle hem türkmen we iňlis dilinde çap edilen kitaplar ýerleşdirilipdir.
Şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygyna 250 ýyl dolýar. Bu şanly sene bilen bagly dabaralar bir ýyl ozal başlapdy. 1776-njy ýylyň 4-nji iýulynda ABŞ garaşsyzlygyny gazandy.
Türkmenistanyň Hökümetine wekilçilik edip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Şeýle hem dabara ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Deňiz pyýada esgerleri bölümi tarapyndan baýdaklar dabaraly ýagdaýda getirildi.
ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud türkmen dilinde çykyş edip, Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy. Diplomat Türkmenistan bilen ähli ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigine ünsi çekdi. Ilçi Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik etmegiň özi üçin uly bagtdygyny belläp, mundan beýläk-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugrunda giň tagallalar ediljekdigini aýtdy.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny milli baýramy bilen gutlady. Şeýle hem wise-premýer türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygyna uly kanagatlanma bildirip, özara gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýedigini belledi.


Türkmenistanda köp sanly amerikan kompaniýalarynyň netijeli iş alyp barýandygyny bellän wise-premýer ylym-bilim we medeni hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Wise-premýer Türkmenistanyň ABŞ-nyň 15-den gowrak bilim maksatnamalaryna işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdi.

Resmi çykyşlardan soňra myhmanlara hödür-kerem edildi, Ashga-Brass” topary tarapyndan janly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.