Ýokary depginde dowam edýän 23-nji Dünýä Kubogynda 1/16 finalyň oýunlary tamamlanyp barýar. Toronto şäherinde Portugaliýa bilen Horwatiýanyň ýygyndylary duşuşyp, oýun örän çekeleşikli geçdi. Duşuşygyň 1-nji ýarymy golsuz tamamlandy. 2-nji ýarymyň başlarynda, has takygy, 53-nji minutda Horwatiýanyň ýygyndysy Iwan Perişiçiň goly bilen 1-0 hasabynda öňe saýlandy. Bu gola portugallar 68-nji minutda jogap berdi. Norwegiýaly eminiň bellän penalti urgusyny dürs uran Kristiano Ronaldo hasaby deňledi. Ronaldo bu goly geçirmek bilen täze rekordyň eýesi boldy. Ilki bilen Ronaldo Dünýä Kubogynyň utulan-çykdy duşuşyklarynda özüniň birinji goluny geçirdi. Umumylykda Dünýä Kubogynyň çäginde 11-nji gezek tapawutlanan Ronaldo pleý-offda oýnan hem-de gol geçiren iň ýaşuly futbolçy bolmagy başardy (41 ýaş 148 gün). Ronaldo bu ugurda watandaşy Pepeniň 2022-nji ýyldaky rekordyny täzeledi (39 ýaş 283 gün). Oýnuň 81-nji minutynda ornuny Ruben Neweşe goýan Ronaldo Dünýä Kubogynda ilkinji gezek çalşyryldy.

Duşuşygyň emini Espen Eskas oýnuň soňuna 10 minut goşdy. 62-nji minutda meýdança giren Gonsalu Ramuş 90+4-nji minutda Rafael Leaonyň ajaýyp pasynda topy kelle urgusy bilen derwezä girizip, portugallary öňe saýlady. Horwatlar bu gola 90+13-nji minutda jogap berselerem, VAR-da seljermelerden soň ofsaýt sebäpli hasaba alynmady. Şunlukda, Portugaliýanyň 2-1 hasabynda ýeňip, 1/8 finala çykmagy başardy. Portugaliýanyň ýygyndysy 9-njy gezek gatnaşýan ýaryşynda 6-njy sapar 1/8 finalda oýnar. Olaryň 1/8 finaldaky garşydaşy Ispaniýanyň ýygyndysy bolar.

PDF









