Gimalaý daglarynyň eteginde Uttarakhand ştatynyň günbatarynda ýerleşýän Güller jülgesi Hindistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen iň meşhur ýerleriniň biridir. Nanda Dewi milli seýilgähiniň çäginde ýaýylyp ýatan Güller jülgesinde 500-den gowrak ýabany gül ösýär. Jülgedäki güller garly dag gerişleri, şaglawuklar we başy dumanly dag gerişleri bilen sazlaşyp, tebigatyň täsin gözelligini emele getirýär. Güller jülgesi diňe botanikleriň arzuwy däl, eýsem, tebigaty söýüjileriň we syýahatçylaryň hem gezelenç etmek isleýän ýerleriniň biridir.
Güller jülgesine Gowindghat şäherinden dikuçarly ýa-da ulagly baryp bolýar. 3 müň metrden gowrak belentlikde açylyp oturan gülleri görmek üçin 3-4 kilometr ýöremeli. Bu ýerde goş-golamyňy ýokary äkitmek üçin iş mallary ulanylýar. Güller jülgesiniň hemişelik ýaşaýjysy ýok. Jülgä iň ýakyn oba Ghangariýa bolup, syýahatçylar kiçijik obada myhmançylykda galýarlar. Obada kiçi myhmanhanalar we ýörite myhman öýleri bar.
Güller jülgesine gezelenç etmek üçin iň gowy möwsüm iýul-awgust aýlary hasaplanýar. Hindistanda iýun aýynda ýagyş möwsüminiň (musson) başlamagy bilen jülgede owadan güller açylyp, ysy bark urýar. Sebitde tomus möwsümidigine garamazdan, Güller jülgesi al-ýaşyl gözelligi we dürli reňkli gülleri bilen görenleri haýran galdyrýar. Owadan jülgede gezelenç edip ýörkäň, Gimalaý daglarynyň haýwanat dünýäsini hem ýakyndan synlamak bolýar. Gülli meýdanda gar barsy, Gimalaý gök goýny, guşlaryň we kebelekleriň ýüzlerçe görnüşi duş gelýär. Güller jülgesi dag tebigatynda asuda dynç almak üçin iň gowy ýerleriň biridir.
PDF









