15-nji maýda paýtagtymyzdaky golf klubynyň meýdançasynda Ýewropa güni mynasybetli dabara geçirildi. Dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabatdaky diplomatik korpusyň we halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Dabarada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa çykyş edip, Ýewropanyň gününiň ähmiýetini belledi. Diplomat Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça ösdürilýändigini nygtap, şu ýylyň bolsa, özara gatnaşyklarda möhüm ýyllaryň biri bolandygyny aýtdy. Ol Aşgabatda ÝB-Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň, soňra bolsa, Samarkantda ÝB-Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitiniň ähmiýetiniň uludygyny belledi.


Ýewropa gününe bagyşlanan dabara Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak wagtdan bäri yzygiderli ösdürilýändigini belläp, Türkmenistanyň ähli döwletler bilen, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň düzümindäki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrýandygyny aýtdy.

Ýew­ro­pa gü­ni – Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň hem-de bi­te­wi­li­gi­niň baý­ra­my. Ol 1950-nji ýyl­dan bä­ri, her ýy­lyň 9-njy ma­ýyn­da bel­le­nip ge­çil­ýär. Şol se­ne­de Şu­man äht­na­ma­sy­na gol çe­ki­lip­di. Bu ta­ry­hy res­mi­na­ma Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň dö­re­me­gi­niň bin­ýa­dy­na öw­rül­di. Esas­lan­dy­ry­jy ýurt­lar (Fran­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Ita­li­ýa, Gol­lan­di­ýa, Bel­gi­ýa we Lýuk­sem­burg) kö­mrüň hem-de po­la­dyň bir bi­te­wi ba­za­ry­ny dö­re­dip, eks­port hem-de im­port paç­la­ry­ny aýyr­dy­lar. 1951-nji ýyl­da Ýew­ro­pa­nyň kö­mür we po­lat bi­lel­eşi­gi­niň dö­re­dil­me­gi ba­bat­da şert­na­ma gol çe­kil­di we bu şertnama bir ýyl­dan soň­ra güý­je gir­di. 1986-njy ýyl­da ýe­ke-täk Ýew­ro­pa äht­na­ma­sy bi­len umu­my ba­zar dö­re­dil­di. 1992-nji ýyl­da Maast­riht yla­la­şy­gy esasynda Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi dö­re­dildi.

Ýew­ro­pa gü­ni my­na­sy­bet­li Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar­da dür­li de­re­je­de çä­re­ler gu­ral­dy. Ola­ryň ag­ram­ly bö­le­gi gu­ra­ma­nyň mer­ke­zi bi­na­sy­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri bo­lan Bel­gi­ýa­da ge­çi­ril­di.