Ummanlaryň düýbüniň köp bölegi henize çenli kartalaşdyrylman, ähli ummanlary doly kartalaşdyrmagy maksat edinýän “Seabed 2030” taslamasynyň döredilmegine sebäp bolýar. Amerikan alymlarynyň geçiren täze barlaglarynda çuň suwly ummanlaryň düýbüniň bary-ýogy 0,001 göteriminiň wizual görüş arkaly öwrenilendigi belli boldy. Bu Belgiýanyň tutýan meýdanyndan, takmynan, 10 esse kiçi diýmegi aňladýar. Derňew 1958-nji ýyldan bäri 43 müňden gowrak ummanlarda geçirilen işleriň maglumatlaryna esaslandy. Barlag geçirijileriň gelen netijesi – dünýä ummanlarynyň düýbüniň aglaba bölegi entek öwrenilmän ýatyr. Munuň hem düýp sebäbi, ummanlaryň ortaça çuňlugy, takmynan, 3,7 kilometre deň bolup, şeýle çuňluga diňe çäkli mukdardaky ýöriteleşen enjamlar baryp bilýär.
Şu wagta çenli ummanlaryň düýbüniň dörtden bir bölegi kartalaşdyryldy, 2017-nji ýylda 6 göterime deň bolup, bu eýýäm möhüm öňegidişlikdir. Şeýle-de bolsa, täze barlaglar umman çuňluklarynyň 99,999 göteriminiň adamlar tarapyndan hiç haçan öwrenilmändigini görkezýär. Şeýle hem alymlar ummanlaryň Ýer togalagyndaky iň uly we iň möhüm biom bolup biljekdigini bellediler. Ummanlarda, mikroblary hasaba almanyňda, 700 müňden başlap 1 milliona çenli janly-jandarlaryň ýaşaýandygy çak edilýär. Olaryň takmynan üçden iki bölegi henizem ylmy taýdan öwrenilmedi. Umman çuňluklaryndaky barlaglaryň köpüsi esasan, ABŞ, Ýaponiýa we Täze Zelandiýa ýaly ýurtlar tarapyndan amala aşyrylýar. Alymlar ummany doly öwrenmek üçin halkara hyzmatdaşlygynyň we uzak wagtyň gerekdigini belleýärler.
200 metrden gowrak çuňlukdaky suwlar Ýeriň ýüzüniň 66 göterimini eýeleýär we tebigy hadysalarda möhüm rol oýnaýar, emma biziň dünýämiziň iň az öwrenilen bölegi bolup galýar. Barlagyň awtorlary, çykdajylary azaltmak we deňiz düýbüniň kartasynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin awtomatlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler. Bu gämi çaknyşyklaryndan gaça durmaga we howanyň modellemesini gowulaşdyryp biler.