“Owganystanyň Hökümeti 1979-njy ýyldan bäri ilkinji gezek milli ilat ýazuwyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu ýurduň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy” diýip, ýurduň Hökümet Başlygynyň metbugat gullugy habar berdi. Maslahat Owganystanyň Premýer-ministri Mohammad Hasan Ahundyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Onuň barşynda umumymilli ilat ýazuwyny geçirmegiň teklip edilen meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Ministrler Kabineti Milli statistika we maglumat edarasyna (NSIA) ilat ýazuwy meýilnamasynyň taslamasyny üns bilen öwrenmegi we indiki Ministrler Kabinetiniň mejlisinde jemleýji hasabaty hödürlemegi tabşyrdy” diýlip habarda bellenilýär. NSIA-nyň müdiri Abdul Kadyra teklibe baha bermek we ilat ýazuwy meýilnamasy barada giňişleýin hasabat taýýarlamak üçin ýörite maslahat geçirmek tabşyryldy. 2023-2024-nji ýyllarda Owganystanyň ilaty 35,7 million adamdan ybarat bolupdyr. BMG-niň käbir edaralarynyň çaklamalaryna görä, häzirki wagtda Owganystanyň ilaty 41,4 million adama deň bolup biler. Owganystanda soňky gezek ilat ýazuwy 1979-njy ýylda geçirildi, ol howpsuzlyk bilen baglylykda, diňe ýurduň etraplarynyň 67 göteriminde guralypdy.