Suwasty dünýäsiniň gözelligi, tokaýlyklary, merjen gaýalary, janly-jandarlaryň täsin hereketleri adamlarda rahatlandyryjy duýgyny döretmek bilen, deňze hem-de ummana bolan söýgini kemala getirýär. Şol sebäpli öýleriň köpüsinde kiçijik hem bolsa akwariumlary görmek bolýar. Deňiz gözelligi we deňiz jandarlary barada söz açylanda bolsa, ilki bilen Awstraliýa ýadyňa düşýär. Awstraliýanyň deňizlerinde beýleki ýerlerde duş gelmeýän janly-jandarlaryň ýüzlerçe görnüşi ýaşaýar. Şolaryň biri hem dýugon hasaplanýar.
Uzakdan seredeniňde kite, ýakynyna baryp synlanyňda delfine çalym edýän bu jandar suwuň aşagynda ýüzüp ýören pili ýadyňa salýar. Uzynlygy 3 metre, agramy 400 kilograma ýetýän bu jandaryň guýrugy kitiňki ýaly bolup, ýüzgüçleri (öň aýagy) delfiniňkä meňzeýär. Dýugon sagatda 10 kilometr tizlik bilen ýüzüp bilýär. Daşyndan seredeniňde howply jandara meňzeýändigine garamazdan dýugon deňiz oty bilen iýmitlenýär. Her gün
30 kilograma çenli ot iýýän bu jandaryň düýäňki ýaly ýumşak dodagy bolup, tikenli ýa-da gaty baldakly otlary iýmäge ýardam edýär. Dýugon ekwatoryň demirgazygyndaky we günortasyndaky kenar ýakalarda – ýyly suwda ýaşaýar. Uly Barýer Rifi bu jandarlaryň esasy iýmit meýdançasy hasaplanýar. Dýugon suwuň ýüzüne çykyp dem alandan soňra, otlamak üçin 33 metre çenli aşaga çümüp, 11 minuta çenli demini saklap bilýär.
Dýugonyň beýnisi agramynyň 0,1 göterimine (400 gram) deň bolup, otlaryň görnüşlerini we otlamaga giden ýoluny ýatda saklap bilýärler. Başgaça «deňiz sygyrlary» hem diýilýän bu jandaryň ýiti (kesiji) we ýasy (çeýneýän) dişleri bar. 70 ýyla çenli ýaşaýan deňiz pilleri 3-7 ýyldan bir gezek köpelýärler. Dýugonyň görşi pes bolup, ullakan kellesinde nokatjyga meňzäp duran gözi bar. Dýugon sany azalyp barýan süýdemdirijileriň biri bolup, Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşigi (IUCN) tarapyndan goralyp saklanýar. 37 ýurduň çäginde duş gelýän dýugonyň 80-85 müň sanysy Awstraliýada ýaşaýar.