“App­le” kom­pa­ni­ýa­sy 2025-nji ýy­la çen­li ba­ta­re­ýa­la­ryn­da ozal ula­ny­lan ko­balt­dan peý­da­lan­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. ABŞ-nyň teh­no­lo­gi­ýa ägir­di önüm­le­rin­de ozal ula­ny­lan ma­te­ri­al­la­ryň ula­ny­ly­şy­ny art­dyr­mak­da uly öňe­gi­diş­lik ga­za­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Köp­çü­li­ge ýaý­ra­dy­lan be­ýa­nat­da ba­ta­re­ýa­lar­da ula­nyl­ýan ko­bal­tyň 100 gö­te­ri­mi ozal ula­ny­lan ma­te­ri­al­lar­dan al­nar. Şeý­le hem pla­ta­la­ryn­da ula­nyl­jak ga­la­ýy­nyň we al­ty­nyň 100 gö­te­rim ozal ula­ny­lan ma­te­ri­al­lar­dan alyn­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Kom­pa­ni­ýa 2022-nji ýyl­da ozal ula­ny­lan me­tal­la­ryň önüm­çi­lik­de peý­da­la­ny­ly­şy­ny ep-es­li art­dy­ryp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da “App­le” önüm­le­rin­dä­ki al­ýu­mi­niň üç­den iki­sin­den gow­ra­gy, seý­rek tüm top­rak ele­ment­le­ri­niň dört­den üçü­si­niň ozal ula­ny­lan me­tal­lar­dan alyn­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Be­ýa­nat­da kom­pa­ni­ýa­nyň en­jam­la­ryň önüm­çi­li­gin­de do­lu­ly­gy­na çig mal hök­mün­de ozal ula­ny­lan ma­te­ri­al­la­ryň ula­nyl­jak­dy­gy mä­lim edil­di.

Döw­let­gel­di My­ra­dow, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.