Bilermenleriň geçiren barlagynda ene diliniň adamyň beýnisiniň gurluşyna täsir edýändigi, ýagny beýnidäki pikirlenmek şekilini üýtgedýändigi mälim edildi. Germaniýanyň Mýunhendäki Maks Plank institutynda (MPI) iş alyp barýan ylmy topar nemesçe we arapça gepleýän adamlaryň beýnisiniň gurluşynda görnetin tapawudyň bardygyny anyklady.
Bu barada «NeuroImage» žurnalynda ylmy makala çap edildi. Ylmy işiň çäklerinde ene dili nemesçe hem-de arapça bolan 47 adamyň beýnisindäki hereketler tomografiýanyň kömegi bilen öwrenilipdir. Bu işe gatnaşan meýletinçileriň ählisi sowatly we diňe ene dilini bilýärler. Şeýle hem ýüze çykyp biljek ýalňyşlygyň öňüni almak üçin diňe saglakaý adamlar saýlanyp alyndy.
Ylmy işe gatnaşan doktor Alfred Anwander arap dillileriň beýnisiniň sag we çep ýarymynyň has güýçli baglanyşyk görendiklerini belleýär. Anwander nemes dillileriň, esasan, beýnisiniň çep ýarymyndaky dil torlaryny ulanýandyklaryny aýdýar.
Jennet GURBANOWA,
Görogly etrabyndaky 63-nji orta mekdebiň mugallymy.
PDF









