Dünýä Kubogy 26-nyň duşuşyklary 16 stadionda geçiriler. Stadionlaryň 11-si ABŞ-da, 3-si Meksikada, 2-si Kanadada ýerleşýär. Stadionlaryň ählisi diýen ýaly, esasan hem, ABŞ-daky stadionlar tehnologiki täsinlikleri bilen köpleri özüne bendi edýär.
Mercedes-Benz Stadium – Atlanta şäherindäki bu owadan stadiona 67 müň 382 janköýer ýerleşýär (71 müň çenli ýetip bilýär). 2017-nji ýylda 3 ýyllyk gurluşyk işlerinden soň açylan stadion üçin 1,6 million dollar möçberinde çykdajy edildi. 7 duşuşygyň geçiriljek stadionynda üçegi açyp-ýapyp bolýar. 8 sany hereket edýän äpet panellerden ybarat bolan üçek özboluşly owadanlygy bilen görenleri haýrana goýýar.

SoFi Stadium – Kaliforniýa ştatyndaky başga bir stadion bolan bu desga Inglwud şäherinde ýerleşýär. Los Angeles stadiony hem diýilýän desga 70 müň tomaşa niýetlenendir. 2020-nji ýylda açylan stadion üçin 6 milliard dollara golaý çykdajy edilýär we dünýäniň iň gymmat stadionlarynyň biri hökmünde görülýär. Daşky gurluşy görenleri özüne bendi edýän bu stadionyň meýdançasy ýerden 30 metr aşakda ýerleşýär. Stadion ähli babatda tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen doly derejede üpjün edilendir. Bu stadionda 8 duşuşyk oýnalar.

MetLife Stadium – Nýu Jersi ştatynyň Ist Ruterford diýen ýerinde ýerleşýän bu stadionda 23-nji Dünýä Kubogynyň ýeňijisi belli bolar, ýagny final duşuşygy geçiriler. Nýu Ýork şäherine golaýyndaky bu stadiona FIFA çempionatyň dowamynda Manhattana ýakyn bolany üçin “New York New Jersey” stadiony adyny ulanylar. 82,500 orunlyk stadionda 8 duşuşyk geçiriler. 2010-njy ýylda açylan stadionyň çykdajysy 1,6 milliard dollara deň bolýar.
Lumen Field – ABŞ-nyň demirgazygynda, Kanada bilen serhetdeş bolan Siettl şäherinde ýerleşýän bu stadion 68 müň 740 janköýere niýetlenendir. 2002-nji ýylda 430 million dollara gurlan stadionda çempionatyň çäginde 6 duşuşyk geçiriler. Stadionyň demirgazyk tarapyndan şäheri synlap bolýan stadion özboluşly gurluşygy bilen tapawutlanýar.
NRG Stadium – “Dallas” stadionyna golaý ýerde ýerleşýän “NRG Stadium” stadiony 72 müň 220 tomaşaça niýetlenendir. Hýuston şäherindäki bu desga 2000-02-nji ýyllarda 352 million dollara guruldy. Stadionda 7 duşuşyk geçiriler. Bu stadionda ozal 2016-njy we 2024-nji ýylda Kopa Amerikanyň duşuşyklary oýnaldy.
Arrowhead Stadium – Missuri ştatynyň Kanzas Siti şäherindäki bu stadion 1972-nji ýylda açylýar. Şol wagtky görkeziji bilen 43 million dollar çykdajy edilen stadiona 76 müň töweregi janköýer ýerleşýär. Bu stadionda çempionatyň çäginde 8 duşuşyk geçiriler. Stadionyň aýratynlygy janköýerleriň sesini meýdança gönükdirýän akustika eýe bolmagydyr.

Hard Rock Stadium – Florida ştatynyň Maýami Gardens şäherindäki bu stadion 1987-nji ýylda gurulýar. 115 million dollara gurlan bu stadionda duşuşyklara birbada 80 müň 120 janköýer tomaşa edip bilýär. Daşky gurluşy boýunça tapawutlanýan stadionda 7 duşuşyk geçiriler.
Gillette Stadium – Massaçusetts ştatynyň Foksboro şäherindäki bu stadionyň beýleki ady Boston stadionydyr. 2002-nji ýylda 325 million dollara gurlup ulanylmaga berlen stadionda 2023-nji ýylda abatlaýyş işleri geçirildi. Stadion 64 müň 628 orunlyk bolup, bu desgada 7 duşuşyk oýnalar. Tribunalarynyň üçegi bolman, stadionyň bir tarapynda emeli morýak ýerleşdirilipdir.
PDF









